HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi

Dekabr 08, 2025 | 00:05 |6410
Türkmenistanyň paýtagty resmi taýdan ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna (GNLC) goşuldyTürkmenistanyň paýtagty resmi taýdan ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna (GNLC) goşuldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň paýtagty resmi taýdan ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna (GNLC) goşuldy. 7-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň häkimliginde ömrüniň tutuş dowamynda okamaga gönükdirilen halkara bileleşigine Aşgabat şäheriniň kabul edilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.

Aşgabadyň Bütindünýä toruna goşulyşmagy baradaky çözgüt 2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda kabul edildi. Türkmenistanyň paýtagty bilim, ylym ulgamlaryndaky ýokary görkezijileri we ähli ýaşdaky raýatlaryň okamaklary üçin şertleriň döredilendigi sebäpli dünýäniň 46 ýurdundan bolan 72 şäher bilen birlikde saýlandy.

Aşgabat şu ýyl ulgama goşulan 11 paýtagtyň hatarynda Lissabon, Kair, Er-Riýad we Buenos-Aýres bilen bilelikde girizildi. Türkmenistan ilkinji gezek öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna goşulan 12 ýurduň biri boldy.

Bu giňeltmäniň netijesinde 2013-nji ýylda işe girizilen bu tor häzirki döwürde dünýäniň 91 ýurdundan 425 şäheri birleşdirýär we dünýäde 500 milliona golaý adamyň yzygiderli bilim almagyna goldaw berýär.

ÝUNESKO täze agzalaryň ähli ýaşlar üçin bilim hukugyny durmuşa geçirmek ugrunda edýän tagallalaryna ýokary baha berýär. Konsepsiýa görä, öwreniji şäherler jemgyýetiň gündelik durmuşyna bilim bermegiň utgaşdyrylan şäherleridir: mekdeplerde, işe ýerlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde hem-de jemgyýetçilik ýerlerde okuw we ösüş mümkinçilikleri döredilýär.

ÝUNESKO-nyň wekilleriniň belleýşi ýaly, şeýle şäherler geljegiň gurluşynda möhüm orun eýeleýärler, sebäbi olar üýtgäp durýan zähmet bazarlarynyň talaplaryna laýyklykda hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýärler; telekeçiligi ösdürýärler; emeli aň döwründe zerur bolan başarnyklary kemala getirýärler we durnukly ösüşe hyzmat edýärler.

Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna kabul edilmegi Türkmenistanyň adam maýasyny ösdürmek we bilim hem-de innowasiýalara esaslanýan jemgyýeti döretmek ugrunda edýän tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde möhüm ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026
Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

18:53 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

18:42 Oktýabr 09, 2026