HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly köpri: «Elkart» we Alipay+ serhetara QR-tölegleri üstünlikli synagdan geçirdi

Dekabr 07, 2025 | 13:30 |7500
«Elkart» milli töleg ulgamynyň operatory bolan «Bankara Prosesing Merkezi» (MPC) hem-de halkara Alipay+ platformasy Alipay+/ELQR integrasiýasynyň çäklerinde ilkinji synag amalyny üstünlikli ýerine ýetirdiler«Elkart» milli töleg ulgamynyň operatory bolan «Bankara Prosesing Merkezi» (MPC) hem-de halkara Alipay+ platformasy Alipay+/ELQR integrasiýasynyň çäklerinde ilkinji synag amalyny üstünlikli ýerine ýetirdiler
Çeşme: ru.kabar.kg

«Elkart» milli töleg ulgamynyň operatory bolan «Bankara Prosesing Merkezi» (MPC) hem-de halkara Alipay+ platformasy Alipay+/ELQR integrasiýasynyň çäklerinde ilkinji synag amalyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu waka Gyrgyzstan bilen Alipay+ ulgamynyň bar ýerindäki ýurtlaryň arasynda sanly köpriniň döredilmeginiň başlangyjy bolup, serhetara tölegleriň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.

Synag Hytaýyň Şanhaý şäherinde, «MPC»-niň başlygy Altymyş Turatbekowyň iş saparynyň dowamynda geçirildi. Hünärmenler Alipay ugruna QR-kod arkaly tölegiň synag amalyny barlap gördüler, we ol üstünlikli tamamlandy. Bu bolsa Gyrgyz Respublikasynyň Milli bankynyň sanly hyzmatlary we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça goýýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişiniň yzygiderli ilerleýändigini tassyklaýar.

Hyzmatdaşlygyñ täze tapgyry gyrgyz raýatlary hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.

Birinji tapgyrda «Elkart» ulanyjylary daşary ýurtlardaky millionlarça söwda nokatlarynda Alipay+ tarapyndan QR-kod arkaly harytlary we hyzmatlary tiz we amatly tölemäge mümkinçilik alarlar.

Ikinji tapgyrda tölegler ikitaraplaýyn häsiýete eýe bolar we bu ulgamlaryň arasynda özara QR-tölegleriň kabul edilmegini üpjün eder.


«MPC» bilen Alipay+ (57 ýurtda işleýän Ant International kompaniýasynyň sanly töleg platformasy) arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama sentýabr aýynda Şanhaýda gol çekildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026