HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Pakistan gatnaşyklary berkidýär: talyp haklary we alyş-çalyşlary ara alyp maslahatlaşyldy

Dekabr 07, 2025 | 13:00 |15231
2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legariniň arasynda netijeli duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legariniň arasynda netijeli duşuşyk geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legariniň arasynda netijeli duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar hereket edýän hem-de täze ikitaraplaýyn şertnamalaryň netijeli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Ministr Jumamyrat Gurbangeldiýew Hanym Ilçä Türkmenistanda bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda geçirilýän halkara maslahatlara hem-de olimpiadalara pakistanly ýaşlaryň üstünlikli gatnaşýandygyny aýtdy.

Pakistanyň ilçisi ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere ýokary baha berdi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirdi. Hususan-da, birnäçe anyk mümkinçilikler maslahatlaşyldy:

• Türkmen ýaşlarynyň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp haklary esasynda okamagy.

• Talyp alyş-çalşygy boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi.

• Iki ýurduň bilim edaralarynyň wekiliýetleriniň özara tanyşdyryş saparlarynyň guralmagy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hem işjeň ösdürmäge we täze bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026