HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ilkinji resmi Mango dükany açyldy

Dekabr 06, 2025 | 18:10 |30519
5-nji dekabrda “Arkaç” Söwda we dynç alyş merkezinde Mango halkara moda brendiniň Türkmenistandaky ilkinji resmi dükanynyň açylyş dabarasy 
geçirildi5-nji dekabrda “Arkaç” Söwda we dynç alyş merkezinde Mango halkara moda brendiniň Türkmenistandaky ilkinji resmi dükanynyň açylyş dabarasy 
geçirildi
Çeşme: orient.tm

5-nji dekabrda “Arkaç” Söwda we dynç alyş merkezinde Mango halkara moda brendiniň Türkmenistandaky ilkinji resmi dükanynyň açylyş dabarasy geçirildi.

v-ashhabade-otkrylsya-pervyj-oficialnyj-magazin-mango 1.jpg

Şeýlelikde, bu brendiň resmi taýdan açylan ýurtlarynyň sanyna Türkmenistan hem goşulyp, bu sanawda 113-nji ýurt boldy. Aşgabatdaky täze dükanyň kompaniýanyň dünýä boýunça 2164-nji dükanydygy habar berildi.

v-ashhabade-otkrylsya-pervyj-oficialnyj-magazin-mango 2.jpg

“Arkaç” SDAM-nyň birinji gatynda ýerleşýän täze dükanda müşderilere brendiň täze möwsümleýin egin-eşik toplumy hödürlenýär. Bu ýerde zenanlar, erkekler we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriň giň görnüşi bar.

v-ashhabade-otkrylsya-pervyj-oficialnyj-magazin-mango 3.jpg

Mango brendi barada

Mango brendi 1984-nji ýylda Barselonada doganlar Isak we Nahman Andikler tarapyndan döredildi. Ilkinji dükan döwrebap elýeterli zenan eşiklerini hödürleýärdi, brendiň ady bolsa täzeligi we döwrebaplylygy alamatlandyrýardy.

v-ashhabade-otkrylsya-pervyj-oficialnyj-magazin-mango 4.jpg

Wagtyň geçmegi bilen kompaniýa öz hataryny giňeldip, erkekler we çagalar üçin kolleksiýalary hem döretdi, 2000-nji ýylda bolsa internet-dükanyny açdy.

v-ashhabade-otkrylsya-pervyj-oficialnyj-magazin-mango 5.jpg

Aşgabatdaky dükanyň salgysy we habarlaşmak üçin:

“Arkaç” SDAM, 1-nji gat

Telefon: +99371) 06-42-55

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026