HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy: Maýa goýum meýilnamasy artygy bilen 274,5% ýerine ýetirildi

Dekabr 06, 2025 | 00:07 |13360
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde oba hojalyk toplumynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiWise-premýer Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde oba hojalyk toplumynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde oba hojalyk toplumynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,4% boldy, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa – 274,5% ýerine ýetirildi.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça – ösüş 136,1%, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça bolsa 127% ösüş gazanyldy.

Bellenilen meýilnamalar Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 111,2%, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,6% ýerine ýetirildi.

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi bellenilen döwürde – 102,8%, Oba hojalyk ministrligi boýunça – 102,7%, Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça bolsa – 101,3% ösüş gazanyldy.

Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmen atlary” döwlet birleşigi birmeňzeş netijäni görkezdiler – her biri 100,4%.

Wise-premýer Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini, bugdaý ekilen meýdanlarynda bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleriniň geçirilýändigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde, tutuş ýurt boýunça gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutany geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk görmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy, ýurtda dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek babatda alnyp barylýan işleri hem dowam etmegi tabşyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026