HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul ediljek dalaşgärleri seçip alyş işleri dowam edýär

Dekabr 03, 2025 | 23:15 |8710
1 — 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär1 — 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär
Çeşme: applyforchina.com

1 — 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;

—Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;

—dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);

—umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

—SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) ýa-da HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

—CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagynyň netijeleri;

—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

—Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

—3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat. Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen seçip alyş işi akademiki bahalandyryş synaglarynyň netijesine laýyklykda, bäsleşik esasynda geçiriler.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.

Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25.

Elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026