HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilçi Baýramow BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Dekabr 03, 2025 | 15:25 |6404
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dabaranyň birinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen geçirildiTürkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dabaranyň birinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen geçirildi
Çeşme: wam.ae

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dabaranyň birinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen geçirildi.

1-nji dekabrda Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirilen dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýyan, şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan gatnaşdy.

posol-turkmenistana-vruchil-gramoty-prezidentu-oae (7).jpg

Ilçi B.Baýramow BAE-niň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti türkmen diplomatyny jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

tyt09b8p1k91scqpd.jpg

Gepleşikleriň esasy pursady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ara alnyp maslahatlaşmak boldy. Ilçi B.Baýramow BAE-niň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy gowşurdy. Munuň özi bolsa ýokary derejede ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy.

posol-turkmenistana-vruchil-gramoty-prezidentu-oae (4).jpg

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin BAE-niň Prezidentine hoşallyk bildirip, netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026