Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Kuweýtiň täze Ilçisi resmi taýdan işe girişdi

Dekabr 01, 2025 | 22:05 |4838
1-nji dekabrda, duşenbe güni Aşgabatda Kuweýt Döwletiniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwani resmi taýdan işine başlady1-nji dekabrda, duşenbe güni Aşgabatda Kuweýt Döwletiniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwani resmi taýdan işine başlady
Çeşme: mejlis.gov.tm

1-nji dekabrda, duşenbe güni Aşgabatda Kuweýt Döwletiniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwani resmi taýdan işine başlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hem öz gezeginde Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem şol gün Ilçi Abdulaziz Ahmad Al-Adwani Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dialogyň dowamynda taraplar türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, esasan hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň meýdançalarynda üstünlikli ösýändigini tassykladylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Kuweýt Döwletiniň wekiliýetiniň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.

Kuweýt Döwletiniň Ilçisi dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026