Hytaýyň bäş esasy habary: Kosmos uçurylyşyndan Tongo bilen hyzmatdaşlyga çenli


Şu hepde (22–28-nji noýabr) üns merkezinde Hytaýyň Ýuwaş ummanynyň ada döwletleri bilen gatnaşyklarynyň berkidilmegi, taryhda ilkinji gezek amala aşyrylan gyssagly kosmos uçurylyşy, şeýle hem Hytaý we ABŞ liderleriniň arasynda bolup geçen gepleşikde Pekiniň Taýwan meselesi boýunça garaýşynyň tassyklanylmagy boldy. Mundan başga-da, nemes awtoulag öndürijisi Volkswagen Hytaýda Germaniýanyň daşynda iň uly toplumlaýyn ylmy-barlag merkezini açdy.
Esasy wakalar:
1. Tongo bilen hyzmatdaşlyk
HHR-niň Başlygy Si Szinpin soňky ýedi ýylyň dowamynda Hytaýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyran Tongo patyşasy Tupou VI bilen duşuşdy (21–27-nji noýabr). Si Szinpin ösüş strategiýalarynyň has gowy utgaşdyrylmagyna çagyryp, Hytaý bilen Ýuwaş ummanynyň ada döwletleriniň arasyndaky berk gatnaşyklaryň alamatydygyny belledi. Patyşa ýurt derejesindäki ösüşler bilen ýakyndan tanyşmak üçin Fuszýan we Şensi welaýatlaryna baryp gördi.
2. Taýwan boýunça garaýyş
24-nji noýabrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Si Szinpin Hytaýyň Taýwan baradaky berk garaýyşyny beýan edip, Ikinji jahan urşunyň netijelerini bilelikde goramagyň zerurdygyny nygtady. Öz gezeginde Prezident Tramp Hytaý bilen gatnaşyklary «örän berk» diýip atlandyrdy.
3. Gyssagly kosmos missiýasy
Hytaý ilkinji gezek gyssagly ýagdaýda kosmos uçurylyşyny amala aşyryp, «Şençžou-22» atly uçarmansyz gämisini kosmos stansiýasyna ugratdy. Bu ätiýaçlyk missiýasy «Şençžou-20» gämisiniň kosmos zibiliniň çaknyşmagy netijesinde emele gelen çat açylmasyny bejermek üçin azyk, derman serişdelerini we abatlaýyş enjamlaryny ýetişdirmek maksady bilen geçirildi.
4. Ýaraglara gözegçilik etmek boýunça täze Ak kitabyň çap edilmegi
27-nji noýabrda Hytaý «Täze eýýamda Hytaýda ýaraglara gözegçilik etmek, ýaragsyzlandyrmak we ýaýramagyň öňüni almak» atly täze Ak kitaby çykardy. Resminamada bu ugurdaky döwlet syýasaty we tejribesi beýan edilýär. Öňki neşirler bilen deňeşdirilende, täze Ak kitap kosmos, kiber giňişligi we emeli aň ýaly täze düşünjeleri we ugurlary öz içine alýar. Bu bolsa Hytaýyň ählumumy howpsuzlygy dolandyrmakda goşan goşandyny açyp görkezýär.
5. Volkswagen-iň elektromobil bazaryna maýa goýumlary
Nemes awtoulag öndürijisi Volkswagen dünýäniň iň uly elektromobil bazary bolan Hytaýda ýitiren orunlaryny dikeltmäge çalyşýar. Kompaniýa Hefede ýerleşýän öz R&D merkeziniň giňeldilmegini tamamlap, ony Germaniýadan daşary ilkinji we iň uly toplumlaýyn ylmy-barlag merkezine öwürdi. Bu merkez işläp taýýarlama wagtyny 30% gysgaltmaga hem-de «Hytaýda, Hytaý üçin» strategiýasyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer.
ORIENT








