HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan IT-parkyny döwrebaplaşdyrmak üçin Ermenistanyň sanly ulgam boýunça tejribesini öwrenýär

Noýabr 30, 2025 | 23:15 |6032
Türkmenistan tehnologiki innowasion we telekeçilik üçin esasy merkezine öwrülmäge niýetlenen ýurduň “Sanly çözgüt IT meýdança” IT-parkyny döwrebaplaşdyrmagyň amaly tapgyryna geçýärTürkmenistan tehnologiki innowasion we telekeçilik üçin esasy merkezine öwrülmäge niýetlenen ýurduň “Sanly çözgüt IT meýdança” IT-parkyny döwrebaplaşdyrmagyň amaly tapgyryna geçýär
Çeşme: BMGÖM

Türkmenistan tehnologiki innowasion we telekeçilik üçin esasy merkezine öwrülmäge niýetlenen ýurduň “Sanly çözgüt IT meýdança” IT-parkyny döwrebaplaşdyrmagyň amaly tapgyryna geçýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we IT-meýdançanyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen Ermenistana resmi saparyny amala aşydy. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan bilelikde gurnaldy.

turkmenistan-it-park-modernizatsiya-armeniya (1).jpg

Öwrenilen tejribeler innowasiýany çaltlaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek we döwlet bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin merkezi meýdança bolan – IT-parky döwrebaplaşdyrmak üçin toplumlaýyn ýol kartasyny işläp düzmek üçin gönüden-göni esas bolup hyzmat eder.

turkmenistan-it-park-modernizatsiya-armeniya (1).jpeg

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti milli sanly ileri tutulýan ugurlar bilen gönüden-göni baglanşykly amaly modelleri, institusional gurluşlary we strategiki çemeleşmeleri öwrenmäge ünsi jemledi. Hususan-da NVIDIA Armenia, Microsoft innowasiýa we kiberhowpsuzlyk inkubatory ýaly merkezlerde innowasiýa modelleri we maglumatlary goramak çemeleşmeleri öwrenildi.

turkmenistan-it-park-modernizatsiya-armeniya (3).jpg

Ýokary ösüşli tehnologiýa kompaniýalarynyň döredijilikli zehin ekoulgamlarynyň (TUMO, Picsart, Synopsys) we ölçenip bilinýän innowasiýa modelleriniň ösüşi barada amaly düşünjeler alyndy. Ykdysady ösüşi goldamakda ösen sanly infrastrukturanyň orny, şol sanda “Anzawur” milli superkompýuter merkeziniň we Emeli aňyň ösdürmek boýunça başlagyçlar merkeziniň (AI4ALL) işi şeýle hem sebitleýin tehnologiýa merkezlerini döretmegiň mehanizmleri (Gýumri tehnologik merkeziniň mysalynda) we bilim alyş-çalyş işlerini we mümkinçilikleri ösdürmekde akademiki hyzmatdaşlygyň (Ýerewan döwlet uniwersiteti) orny öwrenildi.

turkmenistan-it-park-modernizatsiya-armeniya (2).jpeg

Bu many-mazmuna baý maksatnamanyň çäginde gazanylan ähli amaly bilimler maýa goýumda, hyzmatdaşlykda we halkara tejribesini ornaşdyrmakda strategik ileri tutulýan ugurlary kesgitlejek ýol kartasyna göniden-göni täsir eder.

Şeýlelik bilen Türkmenistan “Sanly çözgüt IT meýdança” IT-parkyny öňdebaryjy tejribe we zerur institusional mehanizmler bilen üpjün etmek arkaly gülläp ösýän sanly ykdysadyýeti gurmakda ýene bir kesgitleýji ädimi ädýär.

turkmenistan-it-park-modernizatsiya-armeniya (4).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026
Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

12:00 Iýun 25, 2026