HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Tokio “MA+Ýaponiýa” sammitini gysga wagtda geçirmek boýunça meýillerini tassykladylar

Noýabr 29, 2025 | 05:25 |11575
Türkmenistan we Ýaponiýa “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň Liderleriniň taryhda ilkinji gezek geçiriljek sammitine taýýarlyk işlerini çaltlandyrmak meýillerini tassykladylarTürkmenistan we Ýaponiýa “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň Liderleriniň taryhda ilkinji gezek geçiriljek sammitine taýýarlyk işlerini çaltlandyrmak meýillerini tassykladylar
Çeşme: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy

Türkmenistan we Ýaponiýa “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň Liderleriniň taryhda ilkinji gezek geçiriljek sammitine taýýarlyk işlerini çaltlandyrmak meýillerini tassykladylar. Bu 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Eri Arfiýa bilen geçirilen duşuşykdan soň mälim boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara giňişliginde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, mümkin boldugyça gysga wagtda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň sammitini geçirmek üçin bilelikde işleri dowam etdirjekdiklerini hem aýratyn nygtadylar.

Hakykatdan hem Ýaponiýanyň öňdebaryjy KHBS-niň habarlary bu ýokary syýasy derejeli duşuşygyň ähmiýetini tassyklaýar.

“Jiji Press” we “NHK” habarlar agentlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, Premýer-ministr Sanae Takaiçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň Hökümeti Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Tokioda geçirilmegine garaşylýan ilkinji sammite taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Sammit ykdysady howpsuzlygy berkitmek hem-de infrastruktura we dekarbonizasiýa ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ministrler derejesinden döwlet/hökümet Baştutanlary derejesine çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Ikitaraplaýyn dialogyň çäginde Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň DIM-niň orunbasary Eri Arfiýa bilen 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabada geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara ýokary derejeli ýapon wekiliýetiniň gatnaşmagyny hem ara alyp maslahatlaşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026