HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kataryň «Al Sharq» gazetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan makala çap edildi

Noýabr 29, 2025 | 21:05 |11135
Gazetde bellenilişi ýaly, otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk, ynam we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini yzygiderli öňe sürmegi, munuň bolsa ýurda halkara jemgyýetçiliginde ýokary abraý getirmegi bilen baglanyşyklydyr.Gazetde bellenilişi ýaly, otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk, ynam we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini yzygiderli öňe sürmegi, munuň bolsa ýurda halkara jemgyýetçiliginde ýokary abraý getirmegi bilen baglanyşyklydyr.
Çeşme: Al Sharq

Kataryň öňdebaryjy «Al Sharq» gazetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan makala çap edildi. Makalada 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny emele getirendigi hem-de döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny has-da berkitmäge hyzmat edendigi aýratyn nygtalýar.

Gazetde bellenilşi ýaly, geçen üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistan parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde ýokary abraý gazanmagyna getirdi. Makalada bitaraplyk derejesiniň BMG tarapyndan iki gezek tassyklanyp, 12-nji dekabr bolsa Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilendigi bellenilýär.

«Al Sharq» 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçiriljekdigine üns çekýär. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda ählumumy durnuklylygy, durnukly ösüşi we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi aýdylýar.

Makalada Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy döwlet syýasatynyň strategik binýady bolandygy aýratyn bellenýär. Yzygiderli ýöredilýän syýasatyň netijesinde Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm merkezleriniň birine öwrüldi hem-de dünýäniň köp döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem täze hökümet düzümini emele getirip, Jon Hilini Gazna ministri wezipesine belledi

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem täze hökümet düzümini emele getirip, Jon Hilini Gazna ministri wezipesine belledi

18:00 Iýul 22, 2026
12,000 tonna/sagat rekord tizlige eýe bolan öz-özünden ýük düşürýän gämi Afrikadan magdan daşalmagyny artdyrar

12,000 tonna/sagat rekord tizlige eýe bolan öz-özünden ýük düşürýän gämi Afrikadan magdan daşalmagyny artdyrar

16:29 Iýul 22, 2026
Narkolepsiýa garşy täze derman serişdesi ilkinji gezek Hytaýda tassyklanyldy

Narkolepsiýa garşy täze derman serişdesi ilkinji gezek Hytaýda tassyklanyldy

14:00 Iýul 22, 2026