HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

Noýabr 28, 2025 | 21:50 |7569
Almatyda 28-nji noýabrda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji ýyllyk duşuşygy geçirildi. Çäre Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) bilen hyzmatdaşlykda guraldyAlmatyda 28-nji noýabrda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji ýyllyk duşuşygy geçirildi. Çäre Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) bilen hyzmatdaşlykda guraldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Almatyda 28-nji noýabrda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji ýyllyk duşuşygy geçirildi. Çäre Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Duşuşyga, BMG-niň Owganystana ýardam etmek missiýasynyň we BMG-niň syýasy meseleler departamentiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow wekilçilik etdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriniň, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen ykrar edilen we berkidilen hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady.

28112025-almaty-vstrecha-zamglav-mid-tsentralnaya-aziya (1).jpg

Diplomatlar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şol sanda sebit hyzmatdaşlygy (söwda we ykdysadyýet), ulag-logistika ugurlaryny, suw-energetika we howa bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Merkezi Aziýadaky parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar baradaky pikir alyşmalar geçirildi. Munuň bilen baglylykda, bu duşuşyklaryň ýaramaz ýagdaýlara wagtynda jogap bermek we bilelikdäki çäreleri täze güýçli howplara uýgunlaşdyrmak boýunça möhüm orny nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026