Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky täze hyzmatdaşlyk maksatnamasy üçin 16 sany iş meýilnamasy işlenip düzüldi


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Raşid Meredow Türkmenistanyň BMG-niň ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada hasabat berdi.
Esasy üns täze bäş ýyllyk maksatnamanyň çäklerinde ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga geçilmegine berildi.
Durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekilmegi (2025-nji ýylyň 23-nji oktýabry), şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça Maksatnamalarynyň tassyklanmagy geljek ýyllardaky işler üçin esas boldy.
Täze Maksatnamany işe girizmek maksady bilen 2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda esasy ugurlary öz içine alýan jemi 16 sany resminamanyň taslamalary (iş meýilnamasy) işlenip taýýarlanyldy.
Işlenip düzülen resminamalar milli we halkara borçnamalary ýerine ýetirmäge ulgamlaýyn çemeleşmäni görkezýär. Adam hukuklaryny goramak we kanunçylyk ulgamynda (BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawy bilen) Türkmenistanyň Mejlisi, Adalatçynyň Diwany we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty üçin 2026–2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Olaryň maksady degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýadan gelip çykýan milli borçnamalary ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Bilim we howa ulgamynda (BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde) Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň iş meýilnamalary çagalaryň we maşgalalaryň durmuş goraglylygyny berkitmek, inklýuziw bilimi ösdürmäge, “Ýaşyl” mekdep maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we bilim edaralaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Gender deňligi we statistika babatda (BMG-niň Ilat gaznasynyň gatnaşmagynda), Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek maksady bilen, Mejlis, Ýokary kazyýet, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Mundan başga-da, Statistika baradaky döwlet komiteti we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti çagalar bilen bagly ýokary hilli statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek we ýaşajyk raýatlara peýdaly işleri giňden beýan etmek üçin meýilnamalar işläp düzdüler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň döwletiň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutany taýýarlanylan teklipleri makullady hem-de tassyklanan maksatnamalary we iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.
ORIENT








