Täze ýyl marafony badalgada, Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary 5-nji dekabrda başlaýar


Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öňde boljak Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk işleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdalary 5-nji dekabrda başlaýar. Söwda toplumy tarapyndan Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurduň beýleki welaýatlarynda ýerleşýän ähli bazarlarda we dükanlarda baýramçylyk satuwlary guralar. Harytlaryň giňden elýeterliligini üpjün etmek üçin göçme söwda nokatlary hem işlär.
Däp bolşy ýaly, esasy medeni merkezlerinde, şaýollaryň ugrunda, seýilgählerde we köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde Täze ýyl arçalary bezeler. Ýurduň esasy arçasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada öz ornuny alar.
Döwlet Baştutany Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň tabşyrdy hem-de bu işleriň baýramçylyk günlerinde paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň amatly dynç almagyny üpjün etmek üçin zerurdygyny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegi we ýerinde işleriň dogry guralmagyny tabşyrdy.
ORIENT








