HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy

Noýabr 28, 2025 | 18:10 |4012
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda günüň ikinji ýarymynda Italiýanyň Döwlet Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda günüň ikinji ýarymynda Italiýanyň Döwlet Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy

2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda günüň ikinji ýarymynda Italiýanyň Döwlet Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi, 2026-njy ýylda syýasy-diplomatik, ylmy-medeni we söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine aýratyn üns berildi. Bu derejäniň sebitde we bütin Ýewraziýada parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge goşant goşýandygy bellenildi.

Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kasseze Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurban¬guly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salam ýollady we çuňňur hormatyny beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara forumyň ýokary derejede geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda işjeň dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, biri-birine iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Merkezi Aziýa ýurtlary Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Merkezi Aziýa ýurtlary Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

17:53 Oktýabr 09, 2026
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026