HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan maslahatda Magtymgulynyň goşgulary italýan dilinde tanyşdyryldy

Noýabr 28, 2025 | 13:40 |6440
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Italiýanyň Aziýa Instituty (ISIA) bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärede, Palazzo Valentini binasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan maslahata gatnaşdy2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Italiýanyň Aziýa Instituty (ISIA) bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärede, Palazzo Valentini binasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan maslahata gatnaşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Italiýanyň Aziýa Instituty (ISIA) bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärede, Palazzo Valentini binasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan goşgylarynyň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Maslahata diplomatlar, Italiýanyň döwlet edaralarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow, Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow, Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň orunbasary Hezretguly Durdyýew, şeýle hem italýan tarapyndan ISIA-nyň prezidenti M. Morgoni, ISIA-nyň Baş sekretary D. Palmiýeri, Kapitoliniň maslahatçysy F. Santori, bilim, ylym we medeniýet boýunça deputat I. Mansi çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň üç onýyllygyň dowamynda ýurdumyzyň içerki hem-de daşarky syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy. Hemişelik Bitaraplyga bagyşlanyp Italiýada geçirilen maslahatdan pursat

Munuň bilen birlikde, oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, özara bähbitli halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge we ykdysady ösüşe ýardam edýändigi bellenildi. Şeýle-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyga, ynanyşmaga we durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Çykyşlaryň dowamynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň ähmiýeti barada hem çykyş edildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn üns berlip, onuň goşgylarynyň dost-doganlygy we ynsanperwerligi beýan edýändigi bellenildi. Şeýle hem beýik şahyryň eserleriniň italýan dilinde neşir edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň alamatydygy we giň okyjy köpçüligine şahyryň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigi nygtaldy. Magtymgulynyň goşgulary italýan dilinde tanyşdyryldy

Dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girýän türkmen nusgawy şahyrynyň goşgylary köp dillere terjime edilip gelinýär. Bu ýygyndy 130 goşgyndan ybarat bolup, olary Italiýanyň gündogarşynas alymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleriniň maslahat berijilik goldawy bilen terjime etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026