HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rimdäki gepleşikler: türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň täze ädimleri

Noýabr 28, 2025 | 13:45 |6189
25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýanyň döwlet we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýanyň döwlet we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýanyň döwlet we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Wekiliýet Rim şäheriniň medeni miras bölüminiň ýolbaşçysy Klaudio Parizi Presiççe, Bilim we medeni miras boýunça hemişelik toparynyň senatory Françesko Werduççi, şeýle hem Italiýanyň Uniwersitetler we gözlegler ministrliginiň ylym we innowasiýalar boýunça birinji orunbasary doktor Janluiji Konsoli bilen gepleşikler geçirdi. Türkmen wekiliýetiniň Italiýadaky geçiren duşuşygy

Duşuşyklarda taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem syýasy-diplomatik, ylmy-medeni we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa amala aşyran saparynyň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklara aýratyn üns berdiler.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy alyş-çalyşy giňeltmäge, bilelikdäki medeni taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem bilim we innowasiýalar babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026