HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen suratkeşi “Göwher kebelek” – Ýewraziýa kino baýragyna mynasyp boldy

Noýabr 28, 2025 | 02:45 |7656
27-nji noýabrda Moskwada “Göwher kebelek” açyk Ýewraziýa kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sylaglar 17 ýurduň kinorežissýorlaryna milli kinonyň özboluşlylygyny we baýlygyny görkezýän iň gowy işler üçin gowşuryldy27-nji noýabrda Moskwada “Göwher kebelek” açyk Ýewraziýa kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sylaglar 17 ýurduň kinorežissýorlaryna milli kinonyň özboluşlylygyny we baýlygyny görkezýän iň gowy işler üçin gowşuryldy
Çeşme: “Moskwa” agentligi

27-nji noýabrda Moskwada “Göwher kebelek” açyk Ýewraziýa kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sylaglar 17 ýurduň kinorežissýorlaryna milli kinonyň özboluşlylygyny we baýlygyny görkezýän iň gowy işler üçin gowşuryldy.

Meýlis Hudaýberenowyň gazanan ýeňşi Türkmenistan üçin uly üstünlik boldy, ol “Kompozitor” atly filmidäki işi üçin Iň gowy surtakeş diýlip ykrar edildi. Bu üstünlik türkmen kinematograflarynyň ýokary ussatlygyny we Ýewraziýa medeni giňişliginiň ösüşine goşýan goşandyny görkezýär.

Sylagyň baýragy – meşhur suratkeş Ýuriý Kuper tarapyndan döredilen göwher bilen bezelen kebelek şekilli heýkeljikdir.

turkmenistan-hudozhnik-brilliantovaya-babochka-kino (2).jpg

“Iň gowy suratkeş” (“Kompozitor” filmi) kategoriýasynyň ýeňijisi, türkmen goýujy suratkeşi Meýlis Hudaýberenow Nikita Mihalkowyň “Masterskaýa 12" teatrynda Açyk Ýewraziýa kino baýragynyň “Göwher kelebek” ilkinji baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň geçirilen surata düşürilişi wagtynda.

Dabaranyň dowamynda Merkezi Aziýadan we beýleki sebitlerden gelen sungat işgärlerini sylaglady:

Iň gowy film: Hytaýly režissýor Sýuý Çženiň “Akyma garşy”.

Iň gowy režissýor: baýrak Goran Radowanowiçe (“Tokaý patyşasy”, Serbiýa) gowşuryldy.

Iň gowy erkek adamyň keşbi: Aleksandr Adabaşýan “Iti hasaba almazdan ikisi bir durmuşda” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy zenan adamyň keşbi: Swetlana Krýuçkowa (şeýle hem “Iti hasaba almazdan ikisi bir durmuşda” filmi üçin).

Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Anwar Kartaýew “Bahary yzyndan kowalamak” (Özbegistan).

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Sone Huseýin (“Termit”, Pakistan – Kanada) baýragyna mynasyp boldy.

Iň gowy operator: Talant Akynbekow (“Gara, gyzyl, sary”, Gyrgyzystan).

Iň gowy ssenariý: Kerol Şor (Günorta Afrika Respublikasy) “Köne dogruçyl blýuzlar” filmi üçin.

Iň gowy kompozitor: Ýuriý Poteýenko (Belarus).

Ýewraziýadan daşary ýurtdan iň gowy film: Wenesuelaly režissýor Daniel Egres Riçardyň “Ali Primera”.

Dünýä kinosyna goşan goşandy üçin: Baýraga meşhur režissýor Majid Majidi (Eýran) mynasyp boldy.

Baýraga Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Serbiýadan, Wenesueladan, Günorta Afrikadan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan eserler hödürlendi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026