Dohada Türkmenistan bilen Katar Hökümetara toparyň mejlisini geçirdi


Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. 26-27-nji noýabr aralygynda geçirilen bu çäre strategik seljerme geçirmek we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin iki ýurduň esasy döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemledi.
Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýediň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çäräniň resmi bölegi başlamazdan öň, iki ministriň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar iki ýurduň dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Toparyň agzalary öňki mejlisiň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini seljerdiler we hökümetara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hökümetara toparynyň öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki möhüm orny bellenildi.
Şu aşakdaky ileri tutulýan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi:
Ýangyç-energetika toplumy we maýa goýumlary. Nebit-gaz, senagat we maýa goýum pudaklary, şeýle hem bank ulgamy;
Ulag we logistika. Ýurtlaryň arasynda ulag we logistika gatnaşyklaryny berkitmek.
Agrosenagat toplumy we ekologiýa. Oba hojalygynda, suw serişdelerinde we daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar mundan başga-da jemgyýetçilik we ynsanperwer pudaklarda: ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gatnaşyjylar gazanylan täze ylalaşyklaryň doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän konstruktiw dialogy has-da berkitjekdigine ynam bildirdiler.
Toparyň işi 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekmek bilen jemlendi, bu bolsa bellenen meýilnamalary berkitdi we türkmen-katar hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin täze geljegi uly ýollary açdy.
ORIENT








