HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Robotlar üçin altynjy duýgy: Inženerler enjamlary uzak aralykdan duýmak ukyby bilen üpjün ederler

Noýabr 24, 2025 | 14:00 |5465
Londonyň Şa zenany Mariýa Uniwersitetiniň we Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary robotlary «altynjy duýgy» analogy bilen enjamlaşdyrmak üçin täze köpugurly esas döredýärlerLondonyň Şa zenany Mariýa Uniwersitetiniň we Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary robotlary «altynjy duýgy» analogy bilen enjamlaşdyrmak üçin täze köpugurly esas döredýärler
Çeşme: techcult.ru

Londonyň Şa zenany Mariýa Uniwersitetiniň we Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary robotlary «altynjy duýgy» analogy bilen enjamlaşdyrmak üçin täze köpugurly esas döredýärler. Taslamanyň maksady — robotlara daşky gurşawdaky ownuk üýtgeşmeleri duýmak arkaly, gönüden-göni degmän, gizlin obýektleri anyklamaga mümkinçilik berýän uzak aralykdan duýmak ukybyny bermekdir.

Bu ulgam fiziologiýa, psihologiýa, emeli aň we robototehnika ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Bu endik käbir guşlarda (mysal üçin, çägelikleriň hereketine seredip gurçuk gözleýän çuluklar) ösendir, emma adam tarapyndan ulanylmaýar.

Barlaglaryň dowamynda adamynyň uzak aralykdan duýmak ukybynyň häzirki zaman robotlaryňkydan has ýokarydygy tassyklandy. Adamlar ýerasty gizlenen zatlary 2,7 sm çuňlukda (maksimum — 6,9 sm) takmynan 70% üstünlik ähtimallygy bilen tapyp bilýärler, emma degişli sensorlar bilen enjamlaşdyrylan robotlarda bu görkeziji häzirlikçe 40%-den geçmeýär.

Inženerleriň esasy wezipesi diňe bir datçikleri kämilleşdirmek däl, eýsem maglumatlary gaýtadan işlemek gurallaryny hem öwrenmekdir. Bu bolsa adamdaky üýtgeşik duýgy kabul ediş ulgamyny gaýtadan döretmäge kömek eder.

Aralykdan duýmak ukybynyň ösüşi robotlara möhüm amaly başarnyklary berer: dürli materiallar bilen inçe işleşmekde, gizlin zatlary tapmakda (arheologiýada, gözleg–halas ediş işlerinde ýa-da Mars ýaly başga planetanyň topragy bilen işleşmekde) peýdaly bolar. Şeýle sensorlar gönüden-göni aragatnaşygyň howply bolan agressiw gurşawlarda hem peýdalydyr.

ORIENT

Goşmaça okaň:

Ýaşlaryň arasynda geçirilen robot tehnikasy boýunça bäsleşik: ýeňijiler sylaglandy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026