HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kembrijli beýsbolçy robotlar: Adam hereketli enjamlar

Noýabr 26, 2025 | 14:30 |3317
Kembrijdäki RAI institutynda diňe hereketleri mehaniki ýerine ýetirip bilýän däl-de, eýsem uçup gelýän topa dinamiki jogap berip bilýän iki sany özboluşly beýsbolçy robotlar döredildiKembrijdäki RAI institutynda diňe hereketleri mehaniki ýerine ýetirip bilýän däl-de, eýsem uçup gelýän topa dinamiki jogap berip bilýän iki sany özboluşly beýsbolçy robotlar döredildi
Çeşme: youtube

Kembrijdäki RAI institutynda diňe hereketleri mehaniki ýerine ýetirip bilýän däl-de, eýsem uçup gelýän topa dinamiki jogap berip bilýän iki sany özboluşly beýsbolçy robotlar döredildi. Bu enjamlar adam hereketlerine ýakyn täsir görkezip bilýär, bu bolsa robototehnika boýunça ägirt uly üstünlikdir.

Institutyň esaslandyryjysy, Boston Dynamics kompaniýasyndaky işleri bilen tanalýan Mark Raýbert, üýtgeýän gurşawa uýgunlaşyp bilýän enjamlary döretdi. Beýsbol bolsa olary synagdan geçirmek üçin iň amatly ugur boldy.

Adaty robotlardan tapawutlylykda, bu enjamlar zarbany siňdirip bilýän ýumşak bogunlar bilen enjamlaşdyrylan we topuň üýtgäp durýan ugruna akgynly uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Robotlaryň elleri ugleplastik özenden ýasalyp, güýji bada-bat geçirýän elektrik geçirijiler bilen üpjün edilendir.

Enjamlar ajaýyp takyklygy görkezýär. Kameralar topy yzarlap, algoritmler onuň uçýan ugruny hakyky wagt tertibinde hasaplaýar. Robotlar toplary sagatda 112 km tizlik bilen oklap, sagatda 66 km tizlige çenli uçup gelýän toplary üstünlikli tutup bilýär. Olar esasanam üýtgäp durýan ugry bilen gelýän toplara üstünlikli uýgunlaşyp, hereketiň öňünden çaklamasyny milisekuntlaryň dowamynda yzygiderli dogrylaýarlar.

Robotlaryň ýokary tizlikde hereket edýän obýektler bilen howpsuz we takyk işleşip bilmegi diňe sport bilen çäklenmän, giň amaly ähmiýete eýedir. Bu tehnologiýa awtomatlaşdyrylan ammarlarda, täze nesil protez toplumlarynyň taýýarlanylyşynda, şeýle hem adaty däl şertlerde takyklygy we uýgunlaşmagy talap edýän kosmos missiýalarynda ulanylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026