HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlandy

Noýabr 26, 2025 | 21:35 |7307
Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen esasy meselelere garaldy we tassyklanyldy.Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen esasy meselelere garaldy we tassyklanyldy.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Çäräde Türkmenistanуň BIE ýanyndaky wekili, Ilçi M. Çaryýew gatnaşdy.

Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da: Administratiw–býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün–komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.

Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlandy

Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna 2026–2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu BIE agza döwletleriniň Türkmenistan bolan ynamynyň tassyklanylýandygyny we ýurdumyzy guramanyň çägindäki institusional derejesiniň üstüni ýetirýändigini görkezýär.

Sessýanyň çäginde Türkmenistanyň Ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiw–býujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.

Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlandy

Osakada geçirilen EXPO-2025 Sergisinde Türkmenistanyň Milli Pawilýonynyň üstünlikli işi aýratyn nygtaldy. Pawilýon sergä gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi we ýurdumyzyň medeni, syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden görkezmek üçin möhüm meýdançalardan birine öwrüldi.

Türkmenistan geljekde hem BIE bilen ykdysady, medeni, innowasion hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara sergi hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026