HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda rus dili boýunça açyk bäsleşik başlandy

Noýabr 25, 2025 | 22:00 |1105
Bäsleşige 14 ýaşdan uly islendik adam gatnaşyp bilerBäsleşige 14 ýaşdan uly islendik adam gatnaşyp biler
Çeşme: yandex.kz

Türkmenistanyň paýtagtynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan, şeýle hem Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň goldawy bilen rus dili boýunça açyk bäsleşik başlandy. Bäsleşige 14 ýaşdan ýokary islendik isleg bildirýän adam gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň maksady — rus dilini wagyz etmek, dil taýdan sowatlylygy hem-de döredijilik başarnyklaryny ösdürmek.

Gatnaşyjylara iki blokdan ybarat meseleler teklip edilýär:

• gabat gelme, tertip we logika boýunça 15 test soragy;

• döredijilik işi — islendik erkin tema boýunça 300 nyşana çenli ölçegde mini-esse.

Synag göni gatnaşmak görnüşinde geçirilýär, meseleler şol ýerde berilýär. Her bir gatnaşyja şahadatnama berilýär, ýeňijilere bolsa sowgatlar garaşýar.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 26-njy dekabryna çenli dowam edýär. Synag ýumuşlary her gün 11:00-dan 17:00-a çenli Sapar­myrat Türkmenbaşy şaýoly, 11 salgysy boýunça Aşgabatdaky Rus öýünde ýerine ýetirilip bilner.

Ýeňijileriň atlary 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda guramaçylaryň resmi maglumat serişdelerinde çap ediler. Netijeler çap edilenden soňra sowgatlaryň gowşurylmagyna başlanylar.

Bäsleşik rus dilini özleşdiriş derejesini barlamaga, döredijilik başarnyklaryny görkezmäge hem-de mynasyp baha almaga mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026