HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky oba hojalygyndaky söwda dolanşygy 37% artdy

Noýabr 24, 2025 | 21:45 |15590
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astana şäherine döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň oba hojalyk edaralarynyň arasynda jikme-jik gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew gazak kärdeşi Aýdarbek Saparow bilen duşuşyp, oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astana şäherine döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň oba hojalyk edaralarynyň arasynda jikme-jik gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew gazak kärdeşi Aýdarbek Saparow bilen duşuşyp, oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
Çeşme: gov.kz

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astana şäherine döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň oba hojalyk edaralarynyň arasynda jikme-jik gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew gazak kärdeşi Aýdarbek Saparow bilen duşuşyp, oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Aýdarbek Saparow Türkmenistanyň Gazagystanyň oba hojalyk önümleriniň eksporty üçin ileri tutulýan bazardygyny, oba hojalyk pudagynyň özi bolsa hyzmatdaşlyk gurluşynda aýratyn orun tutýandygyny nygtady.

24112025-turkmenistan-kazakhstan-apk-torgovlya (2).jpeg

Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň netijeleri uly ösüş görkezýär: 9 aýyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky oba hojalyk söwda dolanyşygy 103 million dollara ýetip, 37,5% ösüş derejesini görkezdi. Gazagystan tarapy öňünden maliýeleşdirme we bilelikdäki kärhanalary döretmek ýaly täze hyzmatdaşlyk mehanizmlerini teklip etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar maldarçylyk önümleriniň söwdasyny giňeltmek üçin weterinariýa lukmançylygy we biohowpsuzlyk meseleleri babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek barada hem pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ylmy institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň, tejribe alyş-çalşygynyň we obasenagat toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

24112025-turkmenistan-kazakhstan-apk-torgovlya (3).jpeg

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew bilelikdäki taslamalary işjeň durmuşa geçirmäge, söwda dolanyşygyny artdyrmaga we iki ýurduň arasynda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026