HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwda, ulag we energetika — ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň gün tertibinde nämeler bar

Noýabr 24, 2025 | 20:20 |11379
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iki günlük döwlet sapary başlandy. Türkmenistanyň Baştutany ol ýerde ýerde ýokary hormat bilen garşy alyndy: Prezident Serdar Berdimuhamedowy Astana şäheriniň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady hem-de ýokary derejeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iki günlük döwlet sapary başlandy. Türkmenistanyň Baştutany ol ýerde ýerde ýokary hormat bilen garşy alyndy: Prezident Serdar Berdimuhamedowy Astana şäheriniň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady hem-de ýokary derejeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi
Çeşme: sputnik.kz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iki günlük döwlet sapary başlandy. Türkmenistanyň Baştutany ol ýerde ýerde ýokary hormat bilen garşy alyndy: Prezident Serdar Berdimuhamedowy Astana şäheriniň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady hem-de ýokary derejeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Döwlet sapary strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar. Saparyň esasy bölegi, şol sanda ýokary derejeli gepleşikler 25-nji noýabrda geçiriler. Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy tarapyndan beýan edilen gün tertibiniň baý many-mazmunly we toplumlaýyn boljakdygyna wada berýär.

Astanadaky Prezident rezidensiýasynda geçiriljek gepleşikleriň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Aşakdaky esasy ugurlara aýratyn üns berler:

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk: Adatça, bu gepleşikleriň toplumy söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum taslamalaryny giňeltmäge gönükdirilendir.

Ulag-logistika özara hyzmatdaşlygy: Iki ýurt hem yklymüsti şol sanda “Demirgazyk-Günorta” ulug geçelgelerde möhüm orny eýeleýär, bu bolsa ulag ugurlary işjeňleşdirmäge we üstaşyr geçirişiň netijeliligini şol sanda Hazar deňziniň ulanylyşyny ýokarlanmagy şertlendirýär.

Energetika pudagy: Iň uly uglewodorod gorlaryna eýe bolan Türkmenistan we Gazagystan energetika howpsuzlygyny, sebitleýin we dünýä bazarlarda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini yzygiderli ara alyp maslahatlaşýarlar.

Medeni-ynsanperwer alyş-çalşyklar: Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn orun berilýär, bu bolsa iki doganlyk halklaryň taryhy umumylygyny görkezýär.

Mundan başga-da, sebitleýin howpsuzlygyň häzirki ugurlary we halkara guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak boýunça pikir alyşmalaryň geçirilmegine garaşylýar, munuň özi bolsa Merkezi Aziýada durnuklylyk üçin Aşgabadyň we Astananyň jogapkärçiligini nygtaýar.

Meýilleşdirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Bu bolsa strategik hyzmatdaşlyga amaly taýdan güýçli itergi berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026