Kabulda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy


Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasy tarapyndan Owganystanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. 22-nji noýabrda geçirilen dabara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasy habar berýär.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma taýýarlyk işleri barada maglumatlar berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda amala aşyrylýan TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik geçirijisi, demir ýol, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly iri ykdysady taslamalaryň, türkmen tarapynyň owgan halkyna berýän ynsanperwer kömeginiň aýratyn ähmiýet bellenildi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgylar görkezildi.
ORIENT








