HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Cobalt 200-ni hödürledi: Azure üçin täze 3 nm-lik Arm prosessorlary

Noýabr 21, 2025 | 14:30 |16822
Microsoft öz işläp taýýarlan, aýratyn-da Azure bulut platformasy üçin döredilen Arm arhitekturasyndaky täze Cobalt 200 prosessorlaryny hödürlediMicrosoft öz işläp taýýarlan, aýratyn-da Azure bulut platformasy üçin döredilen Arm arhitekturasyndaky täze Cobalt 200 prosessorlaryny hödürledi
Çeşme: Microsoft

Microsoft öz işläp taýýarlan, aýratyn-da Azure bulut platformasy üçin döredilen Arm arhitekturasyndaky täze Cobalt 200 prosessorlaryny hödürledi. Täze çipler birinji nesilden 50%-den hem ýokary öndürijiligi görkezýär we 2026-njy ýylda maglumat merkezlerinde giňden ulanylyp başlanar.

Cobalt 200-ni işläp taýýarlamagyň dowamynda Microsoft optimallaşdyrylan konfigurasiýa ýetmek üçin modelirleme usullaryndan we emeli aňdan (AI) giňden peýdalandy.

Cobalt 200-niň esasy aýratynlyklaryna TSMC-niň 3 nm tehnologiki prosesinde öndürilmegi, 132 ýadro (Armv9.2 Neoverse V3) ulanmagy we her ýadro üçin aýratyn dinamik ýygylyk sazlamasynyň (DVFS) ulanylmagy girýär. Bu çözgüt energiýa netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Çipler güýçlendirilen howpsuzlyk aýratynlyklary bilen üpjün edilendir: ýadyň şifrlenmesi deslapky ýagdaýda açyk işleýär, şeýle hem enjam derejesindäki izolýasiýa üçin Arm CCA arhitekturasy goldanylýar. Mundan başga-da, maglumatlary gysyjy we şifrlaýjy Microsoft tarapyndan işlenip düzülen ýörite enjam modullary ýerleşdirildi.

Çipleriň ilkinji nesli — Cobalt 100 — Microsoft Teams üçin 45% öndürijilik ösüşini görkezdi. Cobalt 200 bolsa bu görkezijini has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026