HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kriptowalýuta bazary bary-ýogy bir aýyň içinde $1,2 trln ýitirdi

Noýabr 24, 2025 | 16:00 |10849
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başyndan bäri kriptowalýuta bazary ep-esli derejede pese düşdi: 18 müňden gowrak kriptowalýutanyň jemi bazar kapitalizasiýasy 25% azalyp, bu $1,2 trln ýitgi bilen deň boldy2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başyndan bäri kriptowalýuta bazary ep-esli derejede pese düşdi: 18 müňden gowrak kriptowalýutanyň jemi bazar kapitalizasiýasy 25% azalyp, bu $1,2 trln ýitgi bilen deň boldy
Çeşme: cnews.ru

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başyndan bäri kriptowalýuta bazary ep-esli derejede pese düşdi: 18 müňden gowrak kriptowalýutanyň jemi bazar kapitalizasiýasy 25% azalyp, bu $1,2 trln ýitgi bilen deň boldy. Bazaryň çökmeginiň baş sebäbi ABŞ-nyň göterim syýasatyna degişli aladalar we geosyýasy tolgunma sebäpli töwekgelçilikli aktiwleriň köpçülikleýin satuwy boldy.

Bu çalt peseliş tomusky ösüşden soň bolup geçdi. Giňeldilen karz bilen güýçli söwda ýagdaýy ýitgileri has hem çaltlandyryp, orunlaryň tapgyrlaýyn ýatyryşa sebäp boldy.

Iň möhüm pursat — pudakda «10/10» diýip atlandyrylýan gün — 10-njy oktýabrda boldy. Şol gün maržin orunlar boýunça takmynan $19–20 mlrd ýatyryş amala aşyrylyp, bu ýagdaý 1,6 mln-dan gowrak treýdere täsir etdi. Bitcoin hümmeti tiz çöküp, $125 müň ýokary derejesinden $110 müňden aşak gaçdy, beýleki möhüm kriptowalýutalar — Shiba Inu we Solana — hem ýylyň başyndan bäri 40%-den gowrak pese düşdi.

20-nji noýabr ýagdaýa görä, Bitcoin bahasy ýene-de psihologik derejesi hasaplanýan $90 müňden aşak düşdi, ýaramaz bazar täsirleri bolsa Aziýa we Ýewropa gazna bazarlaryna hem geçdi.

Derňewçileriň pikiriçe, geosyýasy tolgunma we serişdeleriň çykmagy wagtylaýyn dowam edýär, ýöne häzirki pese düşüş doly çökgünlik däl-de, uzaga çekýän koreksiýa bolup durýar. Çünki kriptowalýutalaryň institusional kabul edilmegine degişli uzak möhletli binýatlaýyn faktorlar oňynlygyna galýar.

Bilermenler maýadarlara karzlary azaltmagy we ýokary üýtgäp durýan ýagdaýda töwekgelçiligi peseltmek üçin söwda uruşlaryna ünsli gözegçilik etmegi maslahat berýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026