HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmennebit”: ADNOC-yň ofisiniň açylmagy Hazar deňzinde uly möçberli taslamanyň işjeň tapgyryny alamatlandyrýar

Noýabr 24, 2025 | 18:30 |12234
Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) — ADNOC Turkmenistan RSC Limited — ofisiniň dabaraly açylyşynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bu çäräni Hazar deňzinde strategik taslamanyň işjeň durmuşa geçirilmegine tarap amaly ädim hökmünde häsiýetlendirdiAbu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) — ADNOC Turkmenistan RSC Limited — ofisiniň dabaraly açylyşynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bu çäräni Hazar deňzinde strategik taslamanyň işjeň durmuşa geçirilmegine tarap amaly ädim hökmünde häsiýetlendirdi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 24-nji noýabr | ORIENT. Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) — ADNOC Turkmenistan RSC Limited — ofisiniň dabaraly açylyşynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bu çäräni Hazar deňzinde strategik taslamanyň işjeň durmuşa geçirilmegine tarap amaly ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Çäräniň dowamynda çykyş edip, “Türkmennebit” DK-niň ýolbaşçysy ADNOC ýaly ählumumy energetika öňdebaryjysynyň Aşgabada bolmagynyň türkmen Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda döredilen maýa goýum gurşawynyň özüne çekijiliginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Şeýle hem, ol ofisiň açylyşynyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitaraplyk gününiň ýylynyň öňüsyrasynda geçirilýändigini belledi.

Guwanç Agajanow ýarym ýyl wagt mundan öňräk ozal, 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda “Blok-I” Şertnamalaýyn çäkde önümi paýlaşmak boýunça Şertnama gol çekilendigini belledi. Bu ylalaşyk “Türkmennebit” döwlet konserni (“Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň adyndan) bilen ozaldan gelýän hyzmatdaşlar – “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň hem-de “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.

“Şu gün ak mermerli paýtagtynda siziň ofisiňiziň açylmagy – diňe bir resmi ýagdaý däl. Bu amaly ädim bolup, “Blok-I” taslamasy boýunça işjeň tapgyrynyň başlangyjyny alamatlandyrýar” – diýip, “Türkmennebit” DK-niň başlygy aýtdy.

24112025-adnoc-otkrytie-ofisa-ashgabat (3).jpg

Başlyk ADNOC-yň öňdebaryjy tehnologiýalary, giň tejribesi we ýokary standartlary netijesinde hyzmatdaşlygyň ähli maksatlaryna ýetjekdigine ynam bildirdi.

Guwanç Agajanow “Türkmennebit” DK-niň konsorsiumyň üstünlikli işlemegi bilen baglanyşdyrýan esasy maksatlaryny beýan etdi: uglewodorod serişdelerini üstünlikli özleşdirmek we nebitiň we gazyň netijeli çykyrylmagy, ekologiýa taýdan jogapkär we howpsuz iş usullarynyň ulanylmagy, şeýle hem ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak we öwretmek.

“Türkmennebit” DK-niň başlygy taslamany amala aşyrmagyň her tapgyrynda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge türkmen tarapynyň doly taýýardygyna ynandyrdy. Ol ADNOC-yň ofisiň işgärlerine hünär ussatlygynda mundan beýläk-de üstünlik gazanmagy arzuw etdi we olaryň gündelik işiniň Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga möhüm goşant boljakdygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026