Google Chrome goşmaça goýmalary ornaşdyrar: ýüzlerçe açyk sahypa bilen işlemegiň ýeňilleşdirilmegi


Google Chrome brauzeri ulanyjylara açyk goýmalary 17 ýylyň dowamynda bolşy ýaly kese däl-de, eýsem dik görnüşde görkezmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu täzelik onlarça we ýüzlerçe açyk sahypa bilen yzygiderli işleýän ulanyjylar üçin nawigasiýany ep-esli ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Dik görnüşdäki goýmalar sahypalaryň sany köp bolanda olaryň düwmeleriniň gaty ownuk bolup, zerur sahypany tapmagyň kyn bolýan ýagdaýyny aradan aýyrýar.
Dik görnüş aýratyn brauzer penjiresindäki panel (freým) görnüşinde durmuşa geçiriler.
• Sazlama: Ulanyjy paneli çepde ýa-da sagda ýerleşdirip, onuň inini üýtgedip biler.
• Amatlylyk: Panelde diňe nyşan däl, eýsem açyk sahypanyň doly ady hem görünýär. Goýmalary syçanjygyň tigirjigi bilen skrollap bolýar.
• Funksiýalar: Goýmalar boýunça gözleg paneli we adaty goýma toparlamagy hem elýeterli bolar.
Täze tertibi açmak üçin düýpli sazlamalary gözlemäge gerek bolmaz — goýma panelinde syçanjygyň sag düwmesini basyp, täze ýerleşişi saýlamak ýeterlikdir (çepde, sagda ýa-da ýokarda).
Täzelik häzirki wagtda diňe synag görnüşli (Canary) ýygyndylarda bar, ýöne Chrome-yň durnukly neşirinde ýakyn wagtda peýda bolmagyna garaşylýar.
Chrome üçin bu funksiýa täze bolsa-da, dik goýmalar öňden bäri Google-a degişli däldir. Ol Vivaldi we Firefox ýaly bäsdeş brauzerlerde uzak ýyllardan bäri bar. Şeýle-de bu funksiýa Microsoft Edge we Brave brauzerlerinde hem bar.
Şu täzeligiň ornaşdyrylmagy dünýäniň iň köp ulanylýan brauzeri Chrome-yň mümkinçiliklerini has-da amatly eder. Chrome häzirki wagtda dünýäniň bazarynyň 73%-den gowragyny eýeleýär.
ORIENT
➡️ Şeýle hem okaň:
Uşu ussady U Binýe sporta goşan goşandy üçin Russiýanyň «Dostluk» ordeni gowşuryldy
Hytaý Huafa Snow World-y açdy: Dünýädäki iň uly ýapyk dag lyža kurorty








