HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-gazak dostluk festiwaly: Balkan welaýatynda Mangistau oblastynyň wekiliýeti garşy alyndy

Noýabr 24, 2025 | 14:30 |26453
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Balkan welaýaty goňşy Mangistau oblastyndan gelen wekilýeti öz topragynda mynasyp derejede kabul etdiTürkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Balkan welaýaty goňşy Mangistau oblastyndan gelen wekilýeti öz topragynda mynasyp derejede kabul etdi
Çeşme: balkan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Balkan welaýaty goňşy Mangistau oblastyndan gelen wekilýeti öz topragynda mynasyp derejede kabul etdi. Medeni alyş-çalyş “Türkmenistan – dost-doganlyk mekany” atly ajaýyp aýdym-saz festiwaly bilen bellendi. Bu çäre ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gadymy taryhy köklerini we häzirki döwürdäki öňegidişini açyp görkezdi.

Ýokary wezipeli adamlardan, medeniýet işgärlerinden, meşhur aýdymçylardan hem-de tans toparlaryndan ybarat Gazagystanyň wekiliýeti Balkan döwlet drama teatrynyň binasynyň öňünde mähirli garşylanyldy. Myhmanlary türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň nyşany hökmünde däp bolan çörek we saz bilen mübärekläp garşyladylar. Dabara gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Dabaranyň açylyşynda çykyş edenler türkmen we gazak halklarynyň mizemez dostlugyny nygtap, bu medeni çäräniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Şatlyk-şowhuna, buýsanja beslenen baýramçylyk dürli öwüşginli aýdym-saz çykyşlary bilen dowam etdi. Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen bilelikdäki çykyşlar yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Festiwal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň toplumynyň Medeni-sport toplumyny hem öz içine aldy. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşine bagyşlanan aýratyn sergi guraldy.

Hoş owazly çykyşlar, dostlukly gatnaşykdan doly medeni çäre gadymy we kuwwatly “Küştdepdi” tansy bilen jemlendi. Bu tansyň hyjuwy doganlyk gatnaşyklary has-da berkitdi.

Mangistau oblastyndan gelen myhmanlar häzirki zaman Türkmenistanynyň nyşanyna öwrülen «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026