HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bütindünýä çagalar gününi belledi – agzybirligiň we umydyň baýramy

Noýabr 23, 2025 | 20:00 |24451
Şu ýyl, Türkmenistanda Bütindünýä Çagalar güni “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” atly ylham beriji şygar astynda geçirilip, hakyky baýramçylyga öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurnalan dabaranyň ýüregi Aşagabadyň Olimpiýa şäherjigi boldyŞu ýyl, Türkmenistanda Bütindünýä Çagalar güni “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” atly ylham beriji şygar astynda geçirilip, hakyky baýramçylyga öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurnalan dabaranyň ýüregi Aşagabadyň Olimpiýa şäherjigi boldy
Çeşme: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy

Şu ýyl, Türkmenistanda Bütindünýä Çagalar güni “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” atly ylham beriji şygar astynda geçirilip, hakyky baýramçylyga öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurnalan dabaranyň ýüregi Aşagabadyň Olimpiýa şäherjigi boldy. Hut Tennis toplumynda maşgalalar, mugallymlar, lukmanlar, durmuş ugurnyň işgärler, diplomatik korpusyň wekilleri we elbetde, mümkinçiligi çäkli bolan we bolmadyk çagalar inklýuziwlige bolan umumy ygrarlylyklaryny tassyklamak üçin ýygnandylar.

Ähli gatnaşyjylary birleşdirýän esasy pikir, her bir bölegi möhüm element bolan inkluziw tapmaçanyň metaforasydy: bilim, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, sport we dikeldiş. Bu görnüş diňe döwletiň we jemgyýetiň utgaşdyrylan, toplumlaýyn tagallalary arkaly her bir çaganyň öz mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga mümkinçilik alyp biljekdigi baradaky pikiri aýdyň beýan etdi. Hormatly myhmanlar tarapyndan dabaraly ýagdaýda “Inklýuziw diwar” simwoliki elementleriň ýerleşdirilmegi iň esasy waka boldy, bu bolsa Türkmenistanda goldawyň ikinji derejeli ugurlarynyň ýokdugyny tassyklady.

turkmenistan-vsemirnyy-den-rebenka-2025-unicef-inklyuziya (1).jpg

Bu baýramçylyk 2025-nji ýylyň mart aýynda geçirilen halkara maslahatynda öňe sürlen pikirleriň logiki we şatlykly dowamy boldy. Şonda ÝUNISEF we Tennis Federasiýasy inkluziw sporty ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekişipdirler. Bu gün myhmanlar hökümet tarapyndan hödürlenýän hakyky hyzmatlary öz gözleri bilen görüp bildiler: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy giňeldilen lukmançylyk, durmuş we dikeldiş hyzmatlaryny; Saglygy goraýyş ministrligi irki ösüş we fizioterapiýa ulgamynda gazanylan üstünlikleri hödürledi; Bilim ministrligi täze inklýuziw bilim gurallaryny görkezdi; Zähmet ministrligi bolsa maşgala goldawynyň mysallaryny görkezdi.

turkmenistan-vsemirnyy-den-rebenka-2025-unicef-inklyuziya (4).jpg

Çagalaryň bilelikde oýnan we mümkinçilikleriň çäginiň ýokdugyny subut eden inkluziw tennis görkezmeleri has-da gyzykly boldy. Çagalar döredijilik we sport çärelerine gatnaşanda, ene-atalary bilermenler bilen aragatnaşyk saklap, geljege bolan ynamyny artdyrdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gutlag sözlerinde aýratyn mähirlilik bilen şeýle nygtady: “Sport bu çagalara fiziki güýji, durmuş başarnyklary we durnuklylygy ösdürmäge ýardam edýär, şol bir wagtyň özünde stereotiplerimiziň çagyryşlaryna garşy göreşýär we deňligi goldaýar. Her bir oýun – has inkluziw jemgyýete tarap ädilen ädimdir, bu ýerde mümkinçilikleriň çäkliligi däl-de, ukyp mümkinçiligi kesgitleýär”.

turkmenistan-vsemirnyy-den-rebenka-2025-unicef-inklyuziya (5).jpg

Bu pikiri ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna dowam etdi: “Haçan-da her bir edara öz işini ýerine ýetirende, çagalar gülläp ösýärler. Şu gün her bir çaganyň goldawa we mümkinçilikleirni giňeltmäge eýe bolýan inkluziw geljegi gurmak üçin Türkmenistanyň berk ygrarlylygyny görkezýär”.

Ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelen bu gün Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi myhmanlara çykyşlary görkezdi, gyzykly tennis ýaryşy geçirildi we baýramçylygyň ahyrynda ähli çagalara mähirli sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu Bütindünýä Çagalar güni iň möhüm habary ýetirdi: inkluziw geljegi gurmak umumy tagalladyr we onuň her bir elementi, her bir bilelikdäki tagalla çagalarymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy üçin möhümdir.

turkmenistan-vsemirnyy-den-rebenka-2025-unicef-inklyuziya (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026