HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda “Iran Project” sergisi geçiriler

Noýabr 22, 2025 | 21:04 |145197
“Iran Project”, atly inženerçilik we tehniki hyzmatlara bagyşlanan 16-njy ýöriteleşdirilen sergi 2026-njy ýylyň 28-30-njy ýanwary aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler“Iran Project”, atly inženerçilik we tehniki hyzmatlara bagyşlanan 16-njy ýöriteleşdirilen sergi 2026-njy ýylyň 28-30-njy ýanwary aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler
Çeşme: tehrantimes.com

“Iran Project”, atly inženerçilik we tehniki hyzmatlara bagyşlanan 16-njy ýöriteleşdirilen sergi 2026-njy ýylyň 28-30-njy ýanwary aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Serginiň maksady Eýranyň tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň eksportyny giňeltmek we Türkmenistanyň ösýän bazaryna girmek ýa-da öz ornuny çuňlaşdyrmak isleýän kompaniýalar üçin gurluşly meýdançany döretmekden ybaratdyr, bu barada “Tehran Times” habar berýär.

Eýranyň iri eksport kompaniýalaryny we taslama işläp düzüjilerini bir ýere jemleýän bu çäräniň şertnamalara gol çekmäge, tehniki hyzmatdaşlyklara, iri infrastruktura we senagat taslamalary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam bermegine garaşylýar. Şeýle hem, ol Eýran kompaniýalarynyň nebitgaz senagatynda, nebithimiýa ösüşlerinde we Türkmenistanda has uly möçberli halkara tenderlerine çykmagy üçin göni mümkinçilikleri döreder.

Resmi adamlaryň aýtmagyna görä, Aşgabat şäherindäki sergi Eýranyň inženerçilik tejribesini görkezmek we uzak möhletleýin ösüş meýilnamalary üçin ygtybarly hyzmatdaşlary gözleýän goňşy bazar bilen söwda gatnaşyklaryny berkitmek üçin möhüm mümkinçilik döreder.

Maý aýynyň ahyrynda Eýran bilen Türkmenistan iki taraplaýyn söwdany 3 milliard dollara çenli artdyrmak maksady bilen söwda ýol kartasyna gol çekdiler. Ylalaşyga Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow tarapyndan gol çekildi.

“Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgelerinde strategik taýdan ýerleşýän iki ýurt hem üstaşyr ýük geçirişiň möçberini 20 million tonna, 2028-nji ýyla çenli bolsa 16 million tonna ýetirmek barada ylalaşdylar.

Beýleki möhüm ylalaşyklaryň arasynda Sarahs-Serahs we Lotfabad-Artykda bilelikdäki erkin söwda zolaklaryny döretmek, esasanam Inçe-Borun serhet bazarlaryny berkitmek we ikitaraplaýyn gaz şertnamasyny taýýarlamak ýaly meýilnamalar bar. Şeýle hem Mary bilen Sarahsyň arasynda üçünji elektrik geçirijiniň gurluşygy we dördünji geçirijiniň tehniki-ykdysady esaslarynyň işlenip başlanmagy barada ylalaşyklar gazanyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026