HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýär

Noýabr 21, 2025 | 23:35 |289817
Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň halkara ýük daşalyşy ulgamyndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim barada habar berildi: “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldyAnna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň halkara ýük daşalyşy ulgamyndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim barada habar berildi: “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy
Çeşme: istockphoto.com

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň halkara ýük daşalyşy ulgamyndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim barada habar berildi: “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew raýat awiasiýasynyň logistika mümkinçiliklerini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde gazanylan bu üstünlik barada hasabat berdi. TIACA agzalygyna kabul edilmegi Türkmenistan üçin global üpjünçilik zynjyrlaryna goşulmak hem-de ýurdumyzyň üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmak ugrunda täze mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ulgamynyň logistika mümkinçiliklerini ösdürmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Gazanylan üstünlikleri makullap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

TIACA guramasyndaky bu täze agzalyk derejesi Türkmenistana täze halkara hyzmatdaşlaryny çekmekde hem-de ýurdumyzyň howa geçelgelerini sebitde netijeli logistika merkezine öwürmekde ygtybarly binýat bolar.

«Turkmenistan Airlines» (Türkmenistan howa ýollary) 3–6-njy noýabr aralygynda Abu-Dabide geçirilen 2025-nji ýylyň Howa Ýük Daşamalar Forumynyň çäginde resmi taýdan TIACA-nyň agzalygyna kabul edildi. Şol bir wagtda Amazon Air Cargo we Magma Aviation ýaly iri bazar gatnaşyjylary hem Assosiasiýanyň täze agzalaryna kabul edildi, bu bolsa agzalygyň ýokary derejesini görkezýär.

Ugurlary özara baglanyşdyrýan, durnukly we ynamdar halkara howa ýük daşalyş ulgamyny ösdürmegi maksat edinýän Assosiasiýanyň korporatiw agzasy derejesiniň alynmagy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ekoulgamyndaky üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026