HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary diplomatik mekdebi we bitaraplyk — intellektual konsepsiýa hökmünde

Noýabr 21, 2025 | 20:25 |142670
Parižde geçirilen «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsinde kynçylyklar we mümkinçilikler» atly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary hödürlediParižde geçirilen «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsinde kynçylyklar we mümkinçilikler» atly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary hödürledi
Çeşme: orient.tm

Parižde geçirilen «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsinde kynçylyklar we mümkinçilikler» atly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary hödürledi.

Esasy teklip hökmünde ýaşyl energetika, suw serişdelerini dolandyrmak we diplomatik barlaglar boýunça öňdebaryjy fransuz uniwersitetleri — Pariž II Pantheon-Assas, Sorbonna, Syýasy ylymlar instituty (Sciences Po) bilen bilelikdäki magistratura we doktorantura maksatnamalaryny döretmek teklip edildi.

Bu teklip Türkmenistanyň strategiýasyndaky möhüm ugurlary açyp görkezýär: bitaraplyk diňe bir daşary syýasat taglymaty däl, eýsem innowasiýalara we ählumumy dialoga ýol açýan intellektual ýörelgedir.

Rektor Ýusupowa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň diňe bir daşary syýasatynyň saýlawy däl-de, eýsem milli filosofiýanyň we milli özboluşlylygyň özenidigini belledi. Ol maslahatyň Fransiýada geçirilmeginiň taryhy taýdan möhüm ähmiýetini nygtap, bu ýurduň ynsanperwerlik we hukuk pikirleriniň ösmegine möhüm täsir ýetirendigini aýdyp geçdi.

Gülşat Ýusupowa esasy pikirini şeýle mälim etdi: «Parahatçylyk şertnamalara gol çekmekden başlamaýar, ol bilimden, özara hormat goýmakdan we düşünişmekden başlanýar».

«Eger diplomatiýa — döwletleriň dili bolsa, ylym — ösüşiň dilidir, terjime talap etmeýän umumy dildir» - diýip, ol belledi.

21112025-turkmenistan-franciya (1).JPG

Şu nukdaýnazardan bitaraplyk dürli garaýyşlara hormat goýmak, deňagramlylyk we obýektiwlik ugrunda intellektual garaýyş hökmünde kabul edilýär. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bu prosesiň möhüm bölegi bolup, halklarara dialogy alyp barmaga, milli bähbitleri goramaga we halkara hyzmatdaşlygynyň köprülerini gurmaga ukyply täze nesil diplomatlary taýýarlaýar.

Fransiýa bilen akademiki hyzmatdaşlygyň başlangyjy 1994-njy ýylda, Prezident Fransua Mitteranyň ilkinji sapary wagtynda, dilleri okatmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekilmegi bilen goýuldy. Häzirki wagtda fransuz dili Türkmenistanyň 20-den gowrak orta mekdebinde we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar, umumylykda 19 müň töweregi okuwçy bu dili öwrenýär.

Durnukly ösüş boýunça bilelikdäki ylmy taslamalara aýratyn üns berildi. Bu ugurlar Türkmenistanyň we Fransiýanyň umumy ileri tutýan ýörelgelerini özünde jemleýär: metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek; wodorod tehnologiýalaryny öz içine almak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek; ekologiýa taýdan durnukly şäher meýilleşdirilişi we rejeli suw serişdelerini dolandyrmak.

Çykyşynyň ahyrynda rektor Ýusupowa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk tekliplerini beýan etdi:

Iki diplomly bilelikdäki maksatnamalar. Pariž II Pantheon-Assas, Sorbonna we Syýasy ylymlar instituty ýaly öňdebaryjy fransuz uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda halkara hukuk, ýaşyl energetika, suw serişdelerini dolandyrmak we diplomatik gözlegler boýunça HGI-niň magistratura we doktorantura maksatnamalaryny ýola goýmak.

Akademiki hereketliligi güýçlendirmek. Diplomatiýa we halkara gatnaşyklary boýunça her ýyl fransuz-türkmen tomusky mekdeplerini geçirmek, talyplar we mugallymlar üçin tejribe maksatnamalaryny giňeltmek.

Netijede, Türkmenistan bitaraplygy hyzmatdaşlyga çagyryş hökmünde kabul edip, akademiki giňişligi Aşgabadyň we Parižiň arasyndaky durnukly ynanyşmagy we berk hyzmatdaşlygy üpjün edýän intellektual platforma hökmünde öňe sürýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026