HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Noýabr 21, 2025 | 20:15 |189331
"Türkme-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsindäki kynçylyklar we geljegi" atly maslahat Parižde iki ýurduň diplomatlarynyň, alymlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny, energiýa, ekologiýa, ulag, bilim we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny ara alyp maslahatlaşdylar."Türkme-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsindäki kynçylyklar we geljegi" atly maslahat Parižde iki ýurduň diplomatlarynyň, alymlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny, energiýa, ekologiýa, ulag, bilim we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: orient.tm

Pariž şäherindäki Fransanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Bölünen dünýäde türkmen-fransuz gatnaşyklary: wezipeler we mümkinçilikler. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy. Maslahatyň geçirilmegi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň wagyz edilmegine bagyşlandy.

Maslahata Türkmenistanyň we Fransiýanyň diplomatik, ylmy we medeni guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Mýanmadaky Ilçisi hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Kristian Leşerwi, IRIS-iň ylmy işgäri Sami Ramdani, IRIS-iň ylmy müdiri Emmanuel Linskot, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Şamuhammet Çaryýew çykyş etdiler.

Maksat Çaryýew öz çykyşynda häzirki wagtda dünýäde güýçlenýän dargadyjy tendensiýalaryň fonunda halkara jemgyýetçiliginiň ynanyşmaga, açyk diplomatiýa esaslanýan täze hyzmatdaşlyk modellerine zerurlygyň artýandygyny belledi. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny 30 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli durmuşa geçirýändigini, onuň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini nygtady. Ilçiniň bellemegine görä, Bitaraplyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň berk binýady bolup çykyş edip, açyk dialogy, ynanyşyga esaslanýan hyzmatdaşlygy hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky parahatçylyga we durnuklylyga goşýan goşandyny üpjün edýär.

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.jpg

Türkmen-fransuz gatnaşyklary barada durup geçip, Ilçi Türkmenistanyň halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Pariž şäherine amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ol bu saparyň energiýa, ekologiýa, suw serişdeleri, sanly ulgam, kosmos tehnologiýalary, bilim, ylym hem-de medeni miras ugurlarynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açandygyny belledi. Ilçi gol çekilen resminamalaryň çäginde degişli iş toparlarynyň döredilendigini, tehniki we guramaçylyk meseleleriniň utgaşdyrylýandygyny, ekspert alyşmalarynyň geçirilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol energiýa pudagynda ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, metan zyňyndylarynyň azaltmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtady.

Maksat Çaryýew Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Transhazar ulag geçelgesiniň ösdürilmeginiň, medeni, ynsanperwer we akademiki gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň wajypdygyny belledi. Ol türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň geljekde hem ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň berkarar edilmegine oňyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.jpg

Gülşat Ýusupowa çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini, onuň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürýändigini aýtdy. Ol Fransiýa bilen bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, türkmen ýaşlarynyň fransuz diline bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny, medeni merkezleriň işiniň netijelidigini belledi.

Şamuhammet Çaryýew Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen we fransuz medeni gatnaşyklarynda ruhy köpri bolup çykyş edýändigini, iki halkyň arasynda ynsanperwer gymmatlyklary berkidýändigini nygtady.

Kristian Leşerwi çykyşynda Türkmenistanyň Fransiýanyň Merkezi Aziýa boýunça syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini, şeýle hem bilim we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi.

Emmanuel Linskot çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitdäki durnuklylyk we öňdengörüşlilik üçin möhüm faktor bolup çykyş edýändigini, fransuz ylmy jemgyýetçiliginiň türkmen medeni mirasyna gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygyny belledi.

Sami Ramdani çykyşynda Türkmenistanyň dünýä energetika ulgamyndaky strategik ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda — aýratyn-da metan zyňyndylarynyň azaltmak baradaky tagallalaryny ýokary baha berdi hem-de «ýaşyl energetika» ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini nygtady.

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.jpg

Konferensiýanyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada kitaplar, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirler görkezilen giňişleýin sergi gurnaldy. Myhmanlar görkezilen materiallaryň ýokary medeni we ylmy derejesini nygtadylar.

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.jpg

Çäre milli türkmen aşhanasynyň tagamlaryndan dadylmagy bilen tamamlandy. Bu çykyş konferensiýanyň medeni böleginiň özboluşly jemlenmesi boldy.

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026