HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

PETRONAS-nyň Türkmenistandaky bölümçesi Hazar deňziniň kenarynda agaç ekmek we arassalaýyş çärelerini geçirdi

Noýabr 21, 2025 | 11:00 |109112
PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd [PC(T)SB] 2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki sany möhüm ekologiýa taslamasyny durmuşa geçirip, daşky gurşaw başlangyçlaryny işjeň goldamagyny dowam etdirýär.PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd [PC(T)SB] 2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki sany möhüm ekologiýa taslamasyny durmuşa geçirip, daşky gurşaw başlangyçlaryny işjeň goldamagyny dowam etdirýär.
Çeşme: Petronas

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» [«PÇ(T)SB»] kompaniýasy daşky gurşawy goramak ugrunda işleri dowam etdirip, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki möhüm ekologiýa taslamasyny amala aşyrdy: 8-nji noýabrda Gyýanlydaky gaz taýýarlamak zawodynyň çäginde geçirilen Agaç ekmek güni we 15-nji noýabrda Gyýanlyda geçirilen Kenary arassalamak işi. Bu çäreler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny (SDG) goldamaga, ekologiýa medeniýetini artdyrmaga hem-de ýaşlarda daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmegi ösdürmäge gönükdirilen Korporatiw Durnukly ösüş strategiýasynyň çäginde amala aşyryldy.

Agaç ekmek güni – Gyýanlydaky gaz taýýarlamak zawody (8-nji noýabr, 2025)

2025-nji ýylyň 8-nji noýabrynda «PÇ(T)SB» ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça milli çäresiniň çäginde Agaç ekmek günini gurady.

Kärhananyň işgärleri, Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň wekilleri hem-de ýerli ilat bilen bilelikde gaz taýýarlamak zawodynyň çäginde 743 sany güli we 101 sany bagy oturtdy. Şeýlelikde, has durnukly we ekologiýa taýdan howpsuz gurşawy döretmek boýunça bilelikdäki meýilnamalar ýerine ýetirildi. Bu çäre geljegiň öňünde agzybirligiň we jogapkärçiligiň nyşany boldy.

petronas-carigali-turkmenistan-champions-sustainability-through-tree-planting-and-coastal-cleanup-initiatives.jpg(1)

Çärede çykyş eden kompaniýanyň wekili şeýle aýtdy: «Siz şu gün nämäni ekseniz, ertir şol siziň hasylyňyz bolar». Kompaniýa şu günki her bir kiçi ädimiň ertiriň abadançylygyna uly täsir ýetirjekdigine ynanýar.

Gyýanlynyň kenaryny arassalamak işi — 15-nji noýabr, 2025

2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda «PÇ(T)SB» Gyýanlynyň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda arassalaýyş çäresini geçirdi. Çärä kärhananyň işgärleri we olaryň maşgalalary, ýerli ýaşaýjylar, 7-nji orta mekdebiň okuwçylary hem-de Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşanlar tomus möwsüminden soň kenar ýakasynda ýygnanan dürli hojalyk galyndylaryny toplap, kenaryň tebigy ýagdaýyna gaýtadan gelmegine goşant goşdylar.

Kompaniýanyň baş müdiri jenap Ismadi bin Ismail maşgala agzalary bilen bilelikde Aşgabadyň özünden gelip, çäräniň ähmiýetini aýratyn belledi hem-de kompaniýanyň ekologiýa jogapkärçiligi baradaky öňdebaryjylygyny görkezdi.

Arassalaýyş çäresi gutarandan soň kompaniýa çagalar üçin şowhunly çäreleri — batberekleri uçurmak ýaly oýunlary — gurady, ähli gatnaşyjylara ýyly iýmit paýlady. Şeýle hem gatnaşyjylara «PETRONAS» söwda nyşanly ýorganar sowgat berildi. Mundan ozal PÇ(T)SB Gyýanlyda Durnukly ösüş strategiýasynyň çäginde 4 sany döwrebap konteýner bilen enjamlaşdyrylan 5 sany galyndylary topara görä ýygnamak nokadyny gurupdy. Bu çäre sebitde ekologiýa infrastrukturasyny ösdürmäge we kenarýaka ýerlerde sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm goşant boldy.

petronas-carigali-turkmenistan-champions-sustainability-through-tree-planting-and-coastal-cleanup-initiatives.jpg(2)

Durnukly ösüşe ygrarlylyk

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» daşky gurşawy goramak, ekologiýa medeniýetini ösdürmek we ýerli jemgyýetleri goldamak ugrunda taslamalary amala aşyrmagy dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Noýabrda geçirilen ekologiýa çäreleri kompaniýanyň korporatiw durmuş jogapkärçilik ýörelgelerine hem-de Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryna aýawly çemeleşmäge bolan ygrarlylygynyň nobatdaky mysaly boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026