HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bitaraplygyň 30 ýyllygyna: Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy çäre geçirdi

Noýabr 20, 2025 | 18:05 |12277
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çärä Hyrat welaýatynyň häkimi, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekilleri, Hyratdaky konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çärä Hyrat welaýatynyň häkimi, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekilleri, Hyratdaky konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygy

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy «Arg» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çärä Hyrat welaýatynyň häkimi, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekilleri, Hyratdaky konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygy habar berdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi ösdürmäge, dostlukly, ynanyşmaga esaslanýan we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öňe sürmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy barada aýdyldy.

Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler görkezildi hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrýan sergi guraldy. Sergi çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026