HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Xpeng iri awtomobil kompaniýasy adama meňzedilen «Iron» robotlarynyň öndürilişini ýola goýýar

Noýabr 20, 2025 | 18:30 |16389
Elektrik ulaglary bilen tanalýan Hytaýyň Xpeng awtomobil kompaniýasy täze ösdürilýän ugra gadam basyp, adama meňzedilen robotlarynyň köpçülikleýin öndürilişine başlaýarElektrik ulaglary bilen tanalýan Hytaýyň Xpeng awtomobil kompaniýasy täze ösdürilýän ugra gadam basyp, adama meňzedilen robotlarynyň köpçülikleýin öndürilişine başlaýar
Çeşme: Xpeng

Elektrik ulaglary bilen tanalýan Hytaýyň Xpeng awtomobil kompaniýasy täze ösdürilýän ugra gadam basyp, adama meňzedilen robotlarynyň köpçülikleýin öndürilişine başlaýar. Xpeng kompaniýasynyň esaslandyryjysy He Sýaopen (He Xiaopeng) «Iron» atly adama meňzedilen robotlarynyň ýedinji neslini tanyşdyrdy. Olaryň önümçiliginiň indiki ýylyň ahyryna çenli başlanmagyna garaşylýar.

Bu çözgüt kompaniýanyň strategik ugruny görkezýär. Esaslandyryjynyň pikirine görä, uzak möhletde robotlaryň özüne düşýän gymmaty adaty elektrik ulagynyň bahasyna çenli peseldilip bilner. Ilon Mask hytaýly bäsdeşleriň işjeňligine ýokary baha berip, geljekde Tesla bilen birlikde adama meňzedilen robotlary bazarynda öňdebaryjylyga çykjagyny çaklady.

He Sýaopen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli «Iron» robotlarynyň Xpeng kompaniýasynyň ofislerinde we önümçilik desgalarynda giňden ulanyljakdygyna, hem-de onýyllygyň ahyrynda kompaniýanyň 1 milliona çenli şeýle roboty satyp biljekdigine umyt edýär.

JPMorgan derňewçileriň pikiriçe, Xpeng-iň ösüşiniň esasyny robototehnika, robotaksi, awtopilot we emeli aň düzer. Çaklamalara görä, 2027-nji ýyla çenli adama meňzedilen robotlary bilen bagly işewürlik kompaniýanyň maýalaşdyrmasyny 24 milliard dollar artdyrar.

Xpeng bu ugurda iş alyp barýan ýeke-täk hytaý awtomobil öndürijisi däl.

• Chery, Aimoga bilen hyzmatdaşlykda Mornine maşgalasy robotlaryny döredýär.

• Nio häzirki wagtda robot-itlere üns berýär, ýöne adam modellerine geçmegi meýilleşdirýär.

• BYD, GAC we Seres hem sarp edijiler üçin niýetlenen robototehnika boýunça işlerini güýçlendirýärler.

Accenture-yň maglumatlaryna görä, Hytaýda häzirki wagtda 2 milliondan gowrak awtonom dolandyrylýan robot ulanylýar. Bu bolsa işçi güýjünde düýpli öwrülişikleriň bolup geçýändigini görkezýär. Hytaýly öndürijiler giň we elýeterli komponent binýadynyň üsti bilen bu ugurda ABŞ bilen bäsleşikde üstünlikli ýagdaýda artykmaçlyga eýe bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026