HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Jimusaer etrabynda Sinzýan Beitiň taryhyny we medeniýetini öwrenmek boýunça ylmy maslahat geçirildi

Noýabr 20, 2025 | 17:30 |50228
2025-nji ýylyň 14-16-njy noýabr aralygynda Hytaýyň Sinzýan welaýatynyň Jimusaer etrabynda Beitiň taryhyny we medeniýetini öwrenmek boýunça dokuzynjy ylmy maslahaty geçirildi2025-nji ýylyň 14-16-njy noýabr aralygynda Hytaýyň Sinzýan welaýatynyň Jimusaer etrabynda Beitiň taryhyny we medeniýetini öwrenmek boýunça dokuzynjy ylmy maslahaty geçirildi
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 14-16-njy noýabr aralygynda Hytaýyň Sinzýan welaýatynyň Jimusaer etrabynda Beitiň taryhyny we medeniýetini öwrenmek boýunça dokuzynjy ylmy maslahaty geçirildi. Bu ylmy maslahata hytaýly we daşary ýurtly bilermenleriň we alymlaryň 80-den gowragy gatnaşdy.

Bu ylmy maslahatda Beitiň taryhynyň we medeniýetiniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly temalara orun berildi. Mundan başga-da daşary ýurtly alymlaryň Merkezi Aziýanyň gadymy medeniýeti hakyndaky temalar boýunça hem çykyşlary diňlenildi. Bu ylmy maslahatda alymlaryň arasynda çuňňur pikirleri alyşmaga uly mümkinçilik boldy.

hytayyn-jimusaer-etrabynda-sinzyan-beitin-taryhyny-we-medeniyetini-owrenmek-boyunca-ylmy-maslahat-gecirildi.jpg

Ylmy maslahata Çaňji-Huei awtonom okrugynyň Halk hökümeti, Demirgazyk-Günbatar uniwersiteti we Hytaý arheologiýa jemgyýetiniň Serhet arheologiýasy boýunça hünär komiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Ylmy maslahatda arheologiýa bilen baglanyşykly temalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de ylmy maslahatda alymlar Beitiň ýadygärliklerini goramak saklamak we syýahatçylyk taýdan ösdürmek ýaly birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Beitiniň taryhy-medeni mirasynyň öwrenilişi boýunça täze arheologiki açyşlar we gözlegler babatda ylmy maslahata gatnaşyjylara görkezildi. Bu hem Beitiň sebitiniň taryhy ösüşine has çuňňur düşünmäge uly mümkinçilik boldy.

hytayyn-jimusaer-etrabynda-sinzyan-beitin-taryhyny-we-medeniyetini-owrenmek-boyunca-ylmy-maslahat-gecirildi.jpg(2)

Şeýle hem ýerli medeni-syýahatçylyk pudagynyň ösüşini höweslendirmek üçin medeni mirasy syýahatçylyk çeşmelerine öwürmegiň ýollary bilen baglanyşykly köp sanly wajyp teklipler öňe sürüldi. Ylmy maslahata gatnaşan alymlaryň ählisi Hytaýyň Sinzýan welaýatynyň Betiň etrabynyň taryhyň dürli döwürlerde ösen medeniýeti we sebitler bilen ysnyşykly gatnaşyklarda esasy orun eýeländigini bellediler.

Bu ylmy maslahatda geçmişde Türkmenistanyň çäginde esasy medeni ojaklaryň biri bolan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepede soňky ýyllarda alnyp barylan arheologiýa ylmy-barlag işler barada hem çykyş edildi. Bu çykyşda arheologiki ylmy barlaglaryň netijesinde Paryzdepäniň eneolit döwründen başlap orta asyrlara çenli medeniýetiň yzygiderli dowam edendigi hakyndaky täze açyşlar barada gürrüň berildi.

hytayyn-jimusaer-etrabynda-sinzyan-beitin-taryhyny-we-medeniyetini-owrenmek-boyunca-ylmy-maslahat-gecirildi.jpg(3) Çykyşlarda Parzydepeden tapylan gymmatly tapyndylar hem ekran arkaly ylmy maslahata gatnaşyjylara görkezildi. Bu çykyş hem ylmy maslahata gatnaşan hytaýly we daşary ýurtly alymlary Türkmenistanyň gadymy medeniýeti bilen içgin tanyşmaga uly mümkinçilik boldy.

Serdar Maşarykow, Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň Beýik Ýüpek ýoly arheologiki hyzmatdaşlyk ylmy-barlag merkeziniň uly ylmy işgäri

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026