Apple “Health+” taýýarlaýar: Indiki ýyl siziň dietologyňyzyň ornuny tutjak EA-agenti çykar


“Bloomberg”-iň habaryna görä, Apple kompaniýasy indiki ýyl täze “Health+” hyzmatyny işe girizmek bilen “Health” (saglyk) programmasyna uly täzelenme girizmegi meýilleşdirýär. “ Health+”-yň esasy aýratynlygy – oňa oturdylan EA agentidir, ol şahsylaşdyrylan lukmançylyk we sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirilen ilkinji uly çat-botlaryň biri bolar.
“Health+” EA-maslahatçy näme edip bilýär?
“Health+” hyzmaty ulanyjylara jikme-jik maglumatlara esaslanýan maslahatlar bermek üçin niýetlenendir. Ol iň takyk maslahatlary bermek üçin “Apple Watch”-dan ýygnalan maglumatlary ulanýar.
EA-agentiniň esasy aýratynlyklary:
• Şahsylaşdyrylan maslahatlar: Ulanyjynyň biometrik maglumatlaryna esaslanýan saglyk, iýmitlenme we durmuş ýörelgesi boýunça maslahatlar.
• Iýmitlenmäni yzarlamak: Size dogry ýolda galmaga kömek etmek üçin iýmitlenmegi we endikleri seljermek.
• Bilim beriji mazmun: Lukmançylyk ugrundan bilermenleriň wideolaryny saýlamaga mümkinçilik.
• “Apple Watch” bilen utgaşdyrmak: Dogry we degişli maslahatlary bermek üçin sagadyň datçiklerinden (ýürek urşy, işjeňlik) maglumatlary ulanmak.
“Health+” bilen bir hatarda, “Apple” kompaniýasy “Google Gemini” dil modeli esasynda guruljak “Siri” ses kömekçisiniň täzelenmesiniň üstünde hem işleýär.
Şeýlelikde, “Apple” bir wagtyň özünde iki esasy ugry güýçlendirýär: akylly interfeýsler we sanly saglygy goraýyş. Eger “Health+” meşhur bolsa, bu kompaniýanyň diňe dakylýan enjamlar segmentinde (“Apple Watch”) öňdebaryjylygyny güýçlendirmän, eýsem lukmançylyk emeli aň hyzmatlarynyň täze bazarynda öňdebaryjy orny eýelemäge kömek eder.
ORIENT








