HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Malaýziýa: durnukly energetika we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Noýabr 20, 2025 | 13:30 |34433
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekiliýeti durnukly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersiteti — Universiti Tenaga Nasional (UNITEN) bilen gatnaşyklary berkitmek üçin iş saparyny amala aşyrdyTürkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekiliýeti durnukly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersiteti — Universiti Tenaga Nasional (UNITEN) bilen gatnaşyklary berkitmek üçin iş saparyny amala aşyrdy
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) wekiliýeti durnukly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersiteti — Universiti Tenaga Nasional (UNITEN) bilen gatnaşyklary berkitmek üçin iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň esasy wakasy UNITEN-iň Işewürlik mekdebi tarapyndan gurnalan IEBMC-2025 ylmy maslahatynyň alnyp barylmagyna TDEI-niň mugallymlarynyň bilelikdäki guramaçylykly gatnaşmagydyr. Maslahat “Emeli aň esasynda döredilýän durnukly işewürligiň ösüş strategiýasy: innowasiýalaryň ählumumy maksatlar bilen utgaşdyrylmagy” atly häzirki döwrüň möhüm temasyna bagyşlanyldy.

Forum alymlary we hünärmenleri BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) ýetmekde emeli aň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.

TDEI-niň wekiliýeti diňe bir öz goşandyny goşman, eýsem-de halkara tejribe toplamaga-da mümkinçilik aldy. Mugallymlar dürli ugurlary özünde jemleýän nutuklary bilen çykyş etdiler:

• Oguljan Akmyradowa (Diller kafedrasy) energetika hünärmenleriniň taýýarlygynda möhüm bolup durýan aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürmegiň we sanly gurallary netijeli ulanmagyň usullaryny onlaýn görnüşde beýan etdi.

• Aýna Nurmyradowa (Diller kafedrasy) ekologiýa taýdan arassa (“ýaşyl”) işewür strategiýalaryny, şol sanda ekologiýa gözegçiliginde we uglerod yzy azaltmakda AI-tehnologiýalaryň orny baradaky çykyşyny hödürledi.

Masahata gatnaşyjylar Scopus binýadyna girýän Journal of Advanced Research Design ýaly abraýly ylmy žurnallarda öz işlerini neşir etmek mümkinçiliklerini hem aldylar. Bu bolsa ählumumy dünýäde bilimleriň ýaýradylmagyna ýardam edýär.

Saparyň dowamynda TDEI we UNITEN ýolbaşçylary iki ýokary okuw mekdebiň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamany (MoU) durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar aşakdaky başlangyçlar boýunça ylalaşdylar: talyp we mugallym alyş-çalşygy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, energetika boýunça bilelikdäki ylmy-barlag we taslama işleri.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Malaýziýanyň energetika ulgamynda innowasiýalary ösdürmäge hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ygrarlydygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026