HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Noýabr 19, 2025 | 22:00 |21418
Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypa açýarlar. Golaýda Rabat şäherinde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Mekan Işangulyýewiň resmi ýagdaýda ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildiTürkmenistan bilen Marokko Patyşalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypa açýarlar. Golaýda Rabat şäherinde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Mekan Işangulyýewiň resmi ýagdaýda ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypa açýarlar. Golaýda Rabat şäherinde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Mekan Işangulyýewiň resmi ýagdaýda ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Resminamany Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça Ministri Nasser Burita kabul etdi.

Geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI adyna ýollan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde, Ministr N.Burita ýetirilen mähirli salamlar we hoşniýetli arzuwlar üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna dostlukly salamlary we hoşniýetli arzuwlary ýetirmegi haýyş etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu ara alyp maslahatlaşma iki ýurduň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin bilelikde işleşmäge ygrarlydygyny nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026