HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan şahsy mümkinçilikleri ösdürmek we AI tehnologiýalary boýunça geçirilýän Ýygnaga gatnaşdy

Noýabr 19, 2025 | 17:30 |23128
27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri şahsy mümkinçilikleri ösdürmek boýunça merkezleriň her ýylky IV Ýygnagyna hem-de halkara hyzmatdaşlarynyň duşuşygyna gatnaşdylar27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri şahsy mümkinçilikleri ösdürmek boýunça merkezleriň her ýylky IV Ýygnagyna hem-de halkara hyzmatdaşlarynyň duşuşygyna gatnaşdylar
Çeşme: education.gov.tm

27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri şahsy mümkinçilikleri ösdürmek boýunça merkezleriň her ýylky IV Ýygnagyna hem-de halkara hyzmatdaşlarynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Russiýanyň Kaliningrad oblastyndaky Swetlogorsk şäherinde ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty (IITE) bilen bilelikde guralan çäreler innowasiýalara, sanly sowatlylyga we emeli aňyň (EA) okuw prosesine integrasiýa edilmegine bagyşlandy.

Ýygnaga Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan (Türkmenistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan), Belarusdan we Russiýanyň 32 sebitinden takmynan 220 gatnaşyjy gatnaşdy.

Maksatnamanyň esasy pursatlarynyň biri Kaliningrad şäherindäki 57-nji orta mekdebe baryp görmek boldy. Bu ýerde «Kwantorium» atly çagalar tehnologiýalar parky hereket edýär.

• Maksady: «Kwantorium» «Häzirki zaman mekdebi» taslamasynyň çäklerinde döredilip, mekdep okuwçylaryň ylmy, matematik hem-de sanly sowatlylygyny, şeýle hem tankydy pikirleniş ukybyny ösdürmäge gönükdirilendir.

• Tejribe: Türkmenistanyň wekilleri tehnolpgiýa parkynyň umumy bilim ulgamyna nähili utgaşdyrylýandygyny, tebigy ylymlar, matematika we goşmaça okuw dersleri boýunça sapaklaryň nähili guralýandygyny görüp bildiler.

«Adam we emeli aňyň bilimde hyzmatdaşlygy» atly umumy mejlisde bilermenler EA-nyň hünär taýdan we şahsy ösüş üçin mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Tehnologiýalara, kiber howpsuzlyga we sanly endiklere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. IITE we «Gelejege goşant» hayyr-sahawat gaznasy tarapyndan geljekki hyzmatdaşlyk üçin birnäçe teklipler hödürlenildi:

• Hünär taýdan kämilleşmek: Türkmen mugallymlarynyň EduHub platformasyndaky halkara sertifikasiýa okuwlaryna gatnaşmagy.

• Bilelikdäki taslamalar: «Mümkünçilikleri giňeltmek: saglyk we abadançylyk üçin bilim» başlangyjynyň ýol kartasyna goşulmak.

• Mazmun: Emeli aň boýunça okuw materiallaryny ulanmak, şeýle hem türkmen dilinde onlaýn sapaklary taýýarlamak.

Ýygnaga gatnaşmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlaryň şahsy mümkinçiliklerini ösdürmek üçin Russiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga gyzyklanmasyny görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026