HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

S7 Aşgabatdan Nowosibirske gatnawlary açmagy meýilleşdirýär

Noýabr 19, 2025 | 21:15 |20666
Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň howa ýollary 2026-njy ýylyň ýazynda Aşgabatdan Nowosibirska uçuşlary başlatmagy meýilleşdirýär. Bu uçuş “S7” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnawlaryny işjeň giňeltmegiň bir bölegi bolar.Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň howa ýollary 2026-njy ýylyň ýazynda Aşgabatdan Nowosibirska uçuşlary başlatmagy meýilleşdirýär. Bu uçuş “S7” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnawlaryny işjeň giňeltmegiň bir bölegi bolar.
Çeşme: orient.tm

S7 rus awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň ýazynda Aşgabat – Nowosibirsk ugry boýunça howa gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada žurnalistlere S7-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky baş wekili Ýewgeniý Çernyşew habar berdi.

"Biz 2026-njy ýylyň baharyndan Aşgabatdan Nowosibirske uçar gatnawyny açarys diýip umyt edýäris. Häzir bu ugur boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. S7 Merkezi Aziýada ugurlary örän işjeň ösdürýär, biz Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna uçýarys" - diýip, ol TASS habar agentliginiň soragyna jogap berip, "Turkmentel-2025" hem-de "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeler: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025" halkara sergileriniň çäklerinde aýtdy.

Çernyşewiň bellemegine görä, S7 2008-nji ýylda Moskwa – Aşgabat ugry boýunça gatnawlary başlapdyr, häzirki wagtda olar her gün ýerine ýetirilýär. Onuň öň aýtmagyna görä, Nowosibirsk Aşgabada täze ugry hökmünde saýlanyp alnan, sebäbi bu şäherde S7-niň iň uly transfer merkezi ýerleşýär we ol ýerden awiakompaniýa ýurduň dürli künjeklerine uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026