HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ženewa: Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen HZG bilelikdäki meýilnamanyň ýerine ýetirilişine baha berdiler

Noýabr 18, 2025 | 23:50 |22153
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi18-nji noýabrda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Ilçihanasy

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beata Andres, HZG-nyň Zähmetkeşleriň işleri býurosynyň täze direktory Oliwer Ropke şeýle hem Halkara zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga we beýlekiler bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki Çäreler meýilnamasynyň durmuşa geçirmek, şeýle hem mynasyp zähmeti, jemgyýetçilik dialogyny we zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini ilerletmek boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Oliwer Ropkäniň täze wezipesine girişenden soň ilkinji resmi kabul eden ýurdy bolandygy aýratyn bellenildi. Bu bolsa ýurduň zähmet gatnaşyklary babatdaky işjeň ornunyň we garaýyşlarynyň ykrar edilmeginiň we ýokary ynam bildirilmeginiň möhüm alamaty hökmünde kabul edildi.

HZG-nyň tehniki hünärmenleri halkara zähmet standartlaryny tassyklamak we amaly taýdan ornaşdyrmak boýunça wekilçilikli toparyň agzalary bilen geňeşmeler geçirdiler.

zheneva-mot-turkmenistan-profsoyuzy (5).jpeg

HZG-niň wekilleri Türkmenistanda zähmet hukuklarynyň gorag ulgamynyň berkidilmegi, mejbury we çaga zähmetiniň öňüniň alynmagy, iş ýerlerinde howpsuz şertleriň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan tagallalara ýokary baha berdi. Taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistan 1993-nji ýylda HZG-nyň agzalygyna kabul edilenden bäri özüniň esasy ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürmek üçin yzygiderli iş alyp barýar. Guramanyň ýurtda işleri HZG-nyň mynasyp zähmet boýunça tehniki goldaw topary we HZG-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýurt edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar, bu bolsa HZG-nyň syýasatynyň we tejribesiniň esasy gyzyklanýan taraplaryň arasynda netijeli utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Taraplar gün tertibiniň çäklerinde bilelikdäki we netijeli işleri dowam etdirmäge özara taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026