HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary Şawat-Daşoguz serhet söwda zolagyna wizasyz baryp bilerler

Noýabr 19, 2025 | 01:45 |28883
Özbegistanyň we Türkmenistanyň raýatlary «Şawat-Daşoguz» serhet söwda zolagynyň çägine wiza resmileşdirmezden girip bilerlerÖzbegistanyň we Türkmenistanyň raýatlary «Şawat-Daşoguz» serhet söwda zolagynyň çägine wiza resmileşdirmezden girip bilerler
Çeşme: gazeta.uz

Özbegistanyň we Türkmenistanyň raýatlary «Şawat-Daşoguz» serhet söwda zolagynyň çägine wiza resmileşdirmezden girip bilerler diýip, Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň (MGSSM) metbugat gullugy habar berdi.

Bu söwda zolagynyň işini uzak aradan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow açdylar.

Söwda zolagynda iki döwletiň raýatlaryna we şol ýurtlaryň çäginde kanuny ýaşaýan raýatlygy ýok adamlara wizasyz tertip göz öňünde tutulyp, bu ýagdaý logistika we gümrük amallaryny ep-esli ýönekeýleşdirýär.

Bilelikdäki söwda merkeziniň umumy meýdany 6 gektara barabar: onuň 3 gektary Özbegistanyň, 3 gektary bolsa Türkmenistanyň paýyna düşýär. Zerur bolan ýagdaýynda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň we Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki bu meýdan aýratyn halkara ylalaşygy bilen giňeldilip bilner.

Özbegistanyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazardurdy Agahanow bilelikdäki söwda merkeziniň işiniň hukuk esaslaryny ylalaşdylar.

Bu desga özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, milli önümleri öňe sürmek we serhetara telekeçiligi ösdürmek üçin möhüm meýdança hökmünde garalýar. «Özbek-türkmen serhet söwda zolagynyň açylmagy özbek we türkmen telekeçileriniň umumy infrastrukturany we ýönekeýleşdirilen amallary ulanmak bilen harytlaryny erkin satmaga mümkinçilik döreder» - diýip, MGSSM habar berdi.

Söwda zolagynda 112 söwda hatarlary, 28 dükan, 16 söwda nokady ýerleşýär we olar iki bölüme jemlenendir. «Şawat-Daşoguz» taslamasynyň üstünlikli işe girizilmegi synag taslamasy hökmünde garalýar. Döwlet Baştutanlary bu modeli giňeltmek mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Buhara welaýatynyň Alat etrabynda we Lebap welaýatynyň Farap etrabynda şeýle söwda merkezlerini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu ýagdaý Aşgabat we Daşkent tarapyndan umumy serhediň ähli çägi boýunça giňeldilip bilner ýaly doly we gerimli ikitaraplaýyn söwda merkezler ulgamyny döretmek ugrunda tagallalaryň edilýändigini tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026