HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Britaniýaly professorlar Türkmenistanda inkýuziw bilimi boýunça türgenleşik okuwlaryny geçirdiler

Noýabr 17, 2025 | 15:50 |23777
10–14-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary Martin Sewiýor we Sara Han iş saparynda boldular10–14-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary Martin Sewiýor we Sara Han iş saparynda boldular
Çeşme: education.gov.tm

10–14-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary Martin Sewiýor we Sara Han iş saparynda boldular. Sapar Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy ösdürmäge gönükdirilen Britan geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Saparyň maksady institutyň mugallymlaryna hem-de Aşgabatdaky mekdeplerde işleýän iňlis dili mugallymlaryna usulyýet taýdan goldaw bermekden we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Esasy çäreler we temalar:

• Seminar-türgenleşik: Institutyň mugallymlary üçin iňlis dilini okatmagyň işjeň usullary we esasy pedagogiki ýörelgeleri boýunça ýörite seminar geçirildi.

• Talyp üçin ussatlyk sapaklar: Myhmanlar institutyň gutardyş ýyl talyplary bilen duşuşyk geçirip, okamagy we ýazmagy öwretmegiň täsirli usullaryny görkezdi.

• Inkliuziw bilim: Okuw prosesine inkýuziw bilimiň giriziliş ýollaryna aýratyn üns berildi. Professorlar okuw materiallaryny taýýarlamak boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar we mekdep okuwçylary bilen işlemek üçin maslahatlar berdiler.

Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary institutyň uçurymlarynyň işleýän Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen orta mekdeplere-de baryp gördüler. Bu saparlaryň dowamynda sapaklarda inkýuziw okuwlaryň gönüden-göni ornaşdyrylmagy boýunça usulyýet maslahatlary berildi.

Iş sapary ýokary derejede amaly häsiýete eýe bolup, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde möhüm goldaw boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026