HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara üstünlik: Türkmenistanly talyp «Türki halklarynyň iň gowy talyby» boldy

Noýabr 17, 2025 | 17:55 |22412
25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy
Çeşme: education.gov.tm

25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bäsleşik Gazagystanyň Astana şäherinden onlaýn görnüşde geçirilip, ony «Bilim-orkenieti» Milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de «Žana Kazakhstan» merkezi gurnady.

«Taryh» hünäri boýunça okaýan Zyýada Ýusubowanyň üstünlik gazanmagy, Türkmenistanda talyplaryň ýokary taýýarlyk derejesiniň we olaryň halkara arenasynda bäsdeşlige ukyplydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

17112025-luchshaya-studentka-tyurkskikh-narodov1.png

Bäsleşigiň netijeleri boýunça TDU-nyň talyby aşakdakylar bilen sylaglandy: I derejeli diplom (ýeňiji); Döşe dakylýan nyşan; Ýadygärlik kubogy.

Türki halklarynyň talyplaryny birleşdirýän bu bäsleşikde Ýusubowanyň gazanan ýeňşi uly üstünlik bolup, halkara akademik hyzmatdaşlygyň ösmegine hem goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026